GENEL

Türkmenistan maýa goýum forumy geçiriler

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu forum bilen baglanyşykly “http://tif2020.com/” internet sahypasy döredildi.

Şol internet sahypasynda ýerleşdirilen maglumatlara laýyklykda, halkara maý goýum forumy mart aýynyň 17-18-i aralygynda geçiriler. Şeýle hem bu halkara forumy bilen bir hatarda türkmen telekeçileriniň dürli ugurlardaky önümçiligini hem-de giň tejribesini açyp görkezýän sergi-ýarmarkasy hem geçiriler.

Halkara maýa goýum forumynda “Halkara gatnaşyklarda parahatçylygyň we telekeçiligiň durnukly ösüşi ugrunda Bitaraplyk syýasatynyň orny” mowzugyna uly ähmiýet berler. Forumda “Ulag we logistika”, “Syýahatçylyk”, “Agrosenagat” hem-de “Senagat” ugurlary boýunça çykyşlar diňleniler.

Türkmenistanda soňky ýyllarda türkmen telekeçileri tarapyndan has uly ähmiýet berilýän ugurlaryň hatarynda ulag we logistikany, syýahatçylygy, agrosenagaty we senagat pudagyny görkezmek bolar. Ýurduň ulag-logistika infrastrukturasyny has-da ösdürmekde döwletiň we hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň tutýan orny uludyr. Syýahatçylyk pudagy türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Agrosenagat toplumyny ösdürmekde innowasion usuly ulanylýar. Döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygy esasynda senagat, şol sanda himiýa hem-de nebitgaz we himiýa senagatyny ösdürmegiň mümkinçilikleri uly ähmiýete eýedir. Türkmen telekeçileri bu ugurlara işjeň çekilip, köp sanly senagat düzümleriň döredilmegi meýilleşdirilýär.

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany 12 ýylyň dowamynda 23 müň 680-e ýetdi. Türkmen firmalary şol ýyllaryň dowamynda 2265 taslamany durmuşa geçirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Rusya’yı ziyaret edecek

Türkmenistan ile Rusya Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Türkmenistan ile Çin, teknik ve ekonomik işbirliği anlaşması imzaladı

Özbekistan, Türkmenistan ve Azerbaycan’dan gemi satın alma olasılığını değerlendiriyor

Özbekistan ve Türkmenistan doğrudan uçuşları yeniden başlatmayı planlıyor

Türkmenistanlı öğrenciler aritmetikte üç dünya rekoru kırdı