GENEL

“Boeing 777X” ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy

Dünýäniň köp sanly metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, dünýä belli awiagurluşyk kompaniýasy “Boeing”-iň uzak aralyga uçmaga niýetlenen “Boeing 777X” uçarynyň ilkinji synag uçuşy amala aşyryldy.

Waşington ştatynyň ýokarysynda amala aşyrylan uçuş 4 sagat dowam etdi. Bu uçuşdan soňra täze “Boeing 777X” kysymly uçaryň 2021-nji ýylda halkara bazaryna çykarylmazdan ozal synag işlerine dowam etdiriler. Tomusky synag işlerinde howa gämisiniň ähli görkezijileri barlanar.

“Boeing” kompaniýasy “Boeing 777X” kysymly uçarynyň maksatnamasyny 2013-nji ýylyň noýabr aýynda Dubaý şäherinde geçirilen awiasergisinde mälim edipdi. Uçaryň önümçiligine 2017-nji ýylda girişildi. 

Dünýäniň iň uly ýolagçy uçarlarynyň biri hasaplanýan “Boeing 777X” uçary 2 görnüşi bar. Olaryň biri “777-8X” hem-de “777-9X”. “Boeing 777-8X” uçary 375 ýolagça, “Boeing 777-9X” uçary bolsa 425 ýolagça niýetlenendir.

“Boeing 777X” — “Boeing 777” uçar maşgalasynyň uzak aralyga uçmaga mümkinçiligi bolan iň soňky görnüşidir. Ol iki hereketlendirijiden ybarat bolup, täze “GE9X” hereketlendirijileri ýerleşdirildi. “Boeing” kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, bu dünýäniň iň uly hem-de tygşytly iki hereketlendiriji uçarydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Havayolları, Abu Dabi Sefer Sayısını Artırıyor

Türkmenistan Rusya Devlet Başkanı’nın rezidansına yönelik saldırıyı kınadı

Semicenk: Türkmen sahnesinde sahne almak çok keyifli

Çin, Türkmenistan Vatandaşları İçin İndirimli Vize Ücretlerini Uzattı

İlaç sektörü: Türkmenistan, Türkiye ve Özbekistan ile iş birliğini genişletiyor

Türkmenistan’ın Galkynyş Sahasında Yeni Dönem: CNPC 4. Aşamaya Başlıyor