GENEL

Ýaş heýkeltaraş Rimiň agaçlaryny ajaýyp heýkellere öwürýär

Italýan hudoŽnigi Andrea Gandini öz şäherindäki agaçlary ajaýyp sungata öwürýär. Ýaňy bir 22 ýaşly heýkeltaraş Rimiň “Villa Pamphili” seýilgähindäki 66-a golaý ýatdan çykarylan agaçlaryndan owadan heýkelleri döretdi.

Gandini soňky ýyllarda hem uly hem-de kiçiräk töňňeleriň üstünde öz sungatyny döretmek üçin işleýär. Onuň jemgyýetçilik torlarynyň biri bolan “instagram”-daky sahypasynda agaçdan döreden bedewiň kellesiniň, eliň aýasynyň, dürli haýwanlaryň hem-de sportuň dzýudo görnüşi bilen meşgullanyp duran adamyň heýkelleriniň suratlaryny görmek bolýar.  

Heýkeltaraş köp baglaryň üstünden ençeme ýyl geçenden soňra çapylyp aýrylýandygyna gynanyp, olardan dürli heýkelleri ýasamagy özüne maksat edinipdir. Köp agaçlaryň köki gowşak bolandygy üçin çalt guraýar. Agaçlaryň gurap, ýok bolup gitmegine gynanýan Gandini olary sungata öwrüp, köpçülige ýetirmegi köpleriň ünsüni çekdi.

Ýene-de okaň

Taşkent’te “Orta Asya-Kore Cumhuriyeti” Zirvesi hazırlıkları ele alındı

Türkmenistan AB ve Orta Asya’nın Afganistan konulu toplantısına katıldı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan’ı ziyareti planlanıyor

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Donald Trump’ın doğum gününü kutladı

İran Dışişleri Bakan Yardımcısı’nın Aşkabat’a ziyareti

Malezya Başbakanı Türkmenistan’a resmi ziyaret gerçekleştirecek