Dünýäniň dürli künjeklerinden ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar türkmen halkynyň ylym-bilim ulgamyndaky özgerişlerine gözli şaýatlyk edýärler. Beýik türkmen halkynyň ylym-bilim baradaky düşünjesiniň gaty aňyrdan gelýändigine we bütin dünýä boýunça nusga alarlykdygyna şaýatlyk edýän bu eser hakynda okyjylarymyza gysgaça maglumat bermeklik göz öňünde tutuldy.
Adamzat neslini bu dünýäde-de, o dünýäde-de bagta ýetirýän bilim, eşret eçilýän eser, pähim-paýhas paýlaýan petek ýaly manylary özeninde birleşdirýän “Kutadgu Bilig” sözi gadym türkmen sözüdir. “Kut” – bu gün “gut” görnüşine geçen bolsa, “adgu” sözüniň aslynda “etmek” (edgu) işligi ýatýandyr, bu ýerdäki “gu” ortak işliginiň goşulmasynyň gadym şekilçesidir, bu goşulmany häzirki wagta “-en” goşulmasy bilen berýäris. “Bilig” sözi “bilmek” işliginden ýasalan atdyr. Şonuň üçin “Kutadgu bilig” eseriniň adynyň gadym nusgasy häzirki zaman türkmen dilinde “Gut hakda bilim” diýlip atlandyrylsa, jüpüne düşer.
Türkmen dili üçinem, türkmenleriň edebiýaty, taryhy, medeniýeti, ylymdyr bilimi üçinem “Kutadgu bilig” (Gut hakda bilim) (1069–1070) hem-de “Diwanü Lügati’t-Türk” (Türki dilleriň diwany) (1074) iň esasy we iň möhüm gadym çeşmelerdir.
Ýusup Has Hajyp XI asyrda Balasagunda doglupdyr, onuň durmuş ýoluna, döredijiligine degişli anyk maglumatlar ýok. Onuň 462-nji (1069–1070-nji) ýylda Garahanly döwletiniň hökümdaryna (Tabgaç Gara Bugra hana) bagyşlan “Gut hakda petek” (Kutadgu Bilig) atly eserinde özi bilen baglanyşykly käbir setirlere duş gelmek bolýar.
Ikileme formasynda ýazylan 6645 beýitden, jemi 13 müň 290 setirden ybarat bolan Bilimnama eseri aslynda öz döwrüniň, has anygy XI asyryň iň uly dessanyny ýatladýar. Özem özara gepleşik usulynda, başgaça aýdylanda, käbir ýerde hut sorag-jogap esasynda şygyr bilen ýazylandyr. Jemläp aýdylanda, eser şygyr bilen ýazylan ilkinji türkmen ylmy romanydyr. Romanyň ylmylygy eserde esasan düşünjä, pahim-paýhasa agyrlyk berilýändigi bilen düşündirilip bilner. Eser tutuşlygyna öwüt-nesihata ýugrulan maslahatlardan doludyr. Şol maslahatlaryň hemmeler üçin gapysy açykdyr. Eseriň barmak basyp sanaýmaly gahrymanlary bardyr, olar bary-ýogy dörtdür. Şol gahrymanlaryň käbiri eseriň başyndan soňuna çenli hereket edýär. Bu gahrymanlar biri-birinden hem-de ýaşaýşyň we umumy durmuşyň meselelerinden asla üzňe däldir. “Gut hakda bilimde” durmuşyň ähli taraplary hakynda pikir ýöredilýär. Döwlet, syýasat, ylym-bilim, hünär, alymlar, şahyrlar, ýazyjylar, ýaşlar, ekerançylar, maldarlar, tebiplerdir lukmanlar, wagt möwsümleri, ynançlar we beýleki meseleler hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär.
“Gut hakda bilimde” 85 sany uly bölüm bar, mundan başga-da goşmaça görnüşde ýene 3 sany bölüm berlipdir. Onuň her bir bölümi özbaşdak bir beýannama çalymdaş. Mahlasy, şol beýannamalaryň üsti bilen “Gut hakda bilimiň” özenindäki ähli meselelere düşündiriş berilýär.