GENEL

Türkmen gazy gündogarda

Hytaýyň “Sinhua” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 2019-njy ýylda 47,9 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz üstaşyr gaz geçirijileriň üsti bilen Merkezi Aziýadan Hytaýa gönükdirildi. Onuň esasy bölegi bolsa Türkmenistanyň paýyna düşýär.

2009-njy ýylyň dekabr aýynda gurlan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly häzirki güne çenli 300 milliard kubmetrden gowrak tebigy gazy Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy. Bu görkezilen möçberiň 80%-den gowragy bolsa Türkmenistan tarapyndan amala aşyryldy. Iki döwletiň arasyndaky ylalaşyklara görä, Merkezi Aziýadan Hytaýa 4-nji gaz geçirjisi şahasynyň gurulmagy bilen Türkmenistandan Hytaýa eksport edilýän tebigy gazyň möçberi her ýylda 65 milliard kubmetre çenli artar.

Related posts

Türkmenistan ile Suudi Arabistan hac ibadeti anlaşması imzaladı

Türkmenistan Afganistan’a komşu ülkeler toplantısına katıldı

Avrupa Birliği :Kalkınmaya 124 milyon dolar

vepa