Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky sentýabr aýynda açylan “Talyp tölegi” hyzmatyny hödürleýär.
Bu hyzmatyň üsti bilen ýurdumuzda tölegli esasda okaýan talyplar özleriniň okuw töleglerini nagt dal görnüşinde töläp bilerler. “Talyp tölegi” hyzmatynyň nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde ("online“ usul arkaly) geçirip bolýanlygydyr.
Bu hyzmatdan nähili peýdalanmaly?
– Talyplaryň okuw tölegini bökdençsiz tölemekleri üçin olaryň her birine birnäçe sandan ybarat bolan ýörite belgiler okuwa kabul edilen wagtyndan berilýär. Talyp özüne degişli şol şahsy belgiler arkaly “Halkbankyň” saýty ýa-da ýörite “Talyp tölegi” ady bilen döredilen goşundy (programma) hyzmatynyň üsti bilen töleg geçirip bilýär. Tölegler bankyň saýty, şeýle-de telefon goşundysy arkaly kabul edilýär. Bu ýerde hereketler örän aňsat we tiz ýerine ýetirilýär. Saýt arkaly töleg üçin saýtyň baş sahypasynda «Onlaýn-tölegler» düwmesine basyp, «Talyp tölegi» hyzmatyny saýlamaly. Ýakynda döredilen goşundy hyzmaty hem tölegi tiz usulda tölemäge mümkinçilik berýär.
Özünde şahsy "Altyn asyr“ bank karty bolmadyk talyp tölegini nädip geçirmeli?
–Özünde bank karty bolmadyk talyp iki tarapyň özara ylalaşygy esasynda islendik adamyň aýlyk kartyndan töleg geçirip bilýär.
Ýyllyk tölegi böleklere bölüp töläp bolarmy?
– Ýyllyk töleg möçberini bolsa islendik mukdarda tölemek mümkinçiligi döredilendir.
Tölegiň geçendigi barada degişli resminama nähili usulda düzgünleşdirilýär? – Talybyň töleg geçirendigi baradaky degişli resminama her okuw mekdebine awtomatik usulda habar berilýär, şeýle-de zerurlyga görä degişli resminamany çap etmek şertleri hem ýola goýulan.