GENEL

42-nji Dakar rallisi Saud Arabystanyda geçirilýär

Dünýäniň iň kyn hem-de çylşyrymly ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Dakar rallisi ilkinji gezek Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilýär. Dünýäniň iň esasy awtoralli ýaryşy hasaplanýan Dakar rallisi ýene-de yklymyny üýtgetdi. Ýewropada, Afrikada we Günorta Amerikada geçirilen Dakar rallisi bu gezek Aziýanyň günorta-günbatar bölegine aralaşdy.

Saud Arabystanyda geçirilýän Dakar rallisiniň öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda her ýyl bu ýurtda geçirilmegi göz öňünde tutulýar. 42-nji gezek geçirilýän bu ýaryş 5-17-nji ýanwary aralygynda geçirilip, 12 tapgyrdan ybarat bolar. Ýaryşyň geçirilýän döwründe 7500 kilometr menzil geçiler.

Bu ýaryşa awtomobil, motosikl, kwadrasikl, ýük ulaglary kategoriýalarynda 350 topar gatnaşar. Ýaryşyň 75 göterimi çägelik ýerlerden geçer.

Dakar rallisiniň taryhynda üçünji döwür başlandy. Bu ýaryş 1978-2008-nji ýyllar aralygynda Afrika yklymynda, 2009-2019-njy ýyllar aralygynda Latyn Amerika yklymynda geçirilen bolsa, indi Aziýa aralaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eğitim Bakanı ile UNESCO Genel Direktörü Paris’te görüştü

Türkmenistan, “Green EXPO 2027 Yokohama” uluslararası fuarına katılmayı planlıyor.

Özbekistan-Türkmenistan: tarım işbirliği görüşüldü

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Aşkabat ile Taşkent arasındaki işbirliğini güçlendiriyor

Christopher Wizda:  Dilleri ve Kültürleri Birbirine Bağlamak: Makul Sözlük