DÜNYA

«Airbus» ilkinji gezek birinji

«Airbus» awiakompaniýasy bir ýylyň dowamynda gelen sargytlar boýunça öndürilen uçarlaryň sany boýunça taryhynda ilkinji gezek esasy bäsdeşi bolan ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasyny yzda galdyryp, 2019-njy ýylda birinji orny eýeledi. Bu barada «Reuters» habarlar agentligi ýazdy. 2019-njy ýylda müşderilerine 863 uçary ýollan awiakompaniýa 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek birinji orna çykdy.

Aýdylyşyna görä, 2019-njy ýyldaky meýilnama 860 uçar eken. 2018-nji ýylda 800 uçar satan kompaniýa 7,9 göterimlik ösüş gazandy.

«Boeing» bolsa geçen ýylyň ýanwar ― noýabr aýlary aralygynda 345 uçar satyp bildi. Iki kompaniýanyň arasyndaky beýle uly tapawudyň döremeginde «Boeing 737 Max» uçarlarynyň şowsuz önümçiligi sebäp boldy.

 

Related posts

Türkmenistan seçimleri için yerel gözlemciler  kayda alındı

Taryhy birleşme

vepa

Türkiye Cumhuriyeti 98 yaşında

Ata Watan Eserleri