«Financial Times» gazeti tamamlanyp barýan ýylyň iň meşhur jümlesiniň «Suw bol!» diýen jümle bolandygyny yglan etdi. Bu söz, esasan hem , Gonkongda şygar derejesine çenli göterildi.
Başa-baş göreş sungatlarynda ýygy-ýygydan ulanylýan bu söz 1970-nji ýylda meşhur aktýor Brýus Liniň üsti bilen meşhurlyk gazandy. Neşir tamamlanyp barýan ýylda bu jümläniň Gonkongyň syýasy edaralarynda hem köp ulanylandygyny, onuň ýoluňy düzeltmek, ýol açmak bilen bagly pelsepewi manysynyň bardygyny ýazýar.