Her bir milletiň taryhy geçmişini onuň ýaşaýan ýurdundan, topragyndan gözlemeli. Sessiz ýatan gara daglar, uzanyp ýatan begres geýinen sümme tokaýlyklar, lummurdap akýan däli derýalar,şildiräp akýan çeşmeler, depelerdir baýyrlar,derelerdir jülgeler ,, Halkyň taryh kitabydyr,, . Bu kitapdaky ýer ýurt atlary ýa-da ylmy dilde aýtsak TOPONOMIKASY bu ýerde ýaşan ýa-da ýaşaýan halkyň taryhyndan, dilinden, taryhy şahsyýetlerinden, halk döredijiliginden, hat-da magdan baýlygyna çenli maglumat berýär. Şoňa görä toponomika, hemme ylymlar üçin iň zerur ilkinji maglumaty berýän açar mysalydyr. Halkyň dakan adyndan Kükürtli, Gazojak, Magdanly,Altynly,Kümüşdepe,Kömürli ýaly atlary bilen magdançylaryň işi ep esli ýeňilleşýär.Edil şonuň ýalyda taryhda, dilde, edebiýatda ,geografiýada,kartografiýada we başga ylymlarda-da ýer ýurt öwreniş ylmynyň ýeri başgadayr.
Toponomika sözlügi geçmişde esasan taryhçylar ýa-da syýahatçylar tarapyndan ýazylypdyr. Sebäbi elbetde ýer ýurt atlaryny gezmeden, görmeden ýazmak asla mümkin bolmandyr. Görnükli rus taryhçysy N.I NadeŽdin ” Toponomika ýeriň dilidir. Ýer bolsa geografik atlar arkaly adamzadyň taryhy ýazylan bir kitabydyr” diýip ýazýär.
Taryhy ýazýan taryhçylar elbetde döwrüne, gulluk edýän döwletine , döwrüniň hökümdarlarynyň islegine görä hem ýazyp bilerler, Ýöne Toponomika bir adamyň galamynyň astyndan däl-de, şol toprakda ýaşan umumy halkyň dilinden galan nusgawy bir mirasdyr,halk döredijiligir, ähtibarly bir ylmy çeşmedir. Käbir ýurtlarda taryhy ýoýmak,geçmişi unutdurmak üçin köp talaş edilýär. Şeýle ýagdaýda , ýert ýurt atlaryny üýtgedip, wagtyň geçmegi bilen giden bir taryhy,dili,maglumatdan doly kitabyň bir sahypasy goparlyp taşlanýar.Ylma hyýanat edilýär.
Taryh boýunça Gaznawylaryň,Seljuklylaryň,Teýmurylaryň,Ilhanylaryň, Sefewileriň,Gajarlaryň we ownukly-irili türk beglikleriniň, hanlyklarynyň hökümdarlyk eden topragy bolan Eýran döwletinde hem türkçe ýer ýurt adynyň duşmaýan ýeri ýok diýen ýaly. Bu ýer- ýurt atlary häzir el degirilmedik ýagdaýda taryhyň we gadymy türkçämiziň dili bolup ” sessiz” ýatyr. Horasandan Tebrize, Türkmensahradan Şiraza çenli islendik ýerde türk ýer ýurt atlaryna duşmak mümkindir. Biraz farsçalaşdyrylmak islenip oba, şäher, ýer atlary görkezgiç tablolarda Çeşmeli- Çeşme Ali, Löýünder – Löhünder, Aýderwiş- Kelala, Omçaly- Siminşehir , Däne- Dähäne, Darkaş – Derrekeş ýaly üýtgetmelere ýuwaş ýuwaşdan girizilsede, halk dilinde häzirlikçe dogry ady ulanylýar. Seljuklaryň ilki paýtagty Nişabur şäheriniň töwereklerindäki türk asylly obalaryň hemmesi häzire çenli 1000 ýyllap öz adyny saklap gelýär. Çekene, Ärtokuş,Mälikabad,Ýeni Gala,Turani,Ädik,Garab,Diş-Diş ýaly onlarça obalar ,müňlerçe dere, dag,depe, düz, çeşme,gowak,jülge atlary bar. Horasanyň paýtagty Maşat säheri we töweregi häzire çenli Türk dünýäsinde öwrenilmedik bir hazyna. Horasandaky Kelata-Nader şäherindäki awşar türkleriniň, Büjnürt we Goçant,Deregez türkleriniň, Çagataý şäherindäki dilleri türki bolan Horasan mogollarynyň, Garlyk obasyndaky garluk türkleriniň,Jergelandaky nohurly-alili,mürçeli türkmenleriniň, Gülistandaky gyzylbaş türkleriniň Türkmensähradaky türkmenleriniň, Tahrandaky we töweregindäki seljukly türkmenleriniň, Şirazdaky gaşgaýy türkleriniň, Urumiýe, Güneý Azerbaýjandaky azeri türklerinin ýaşaýan ýerleri tutuşlugyna diýen ýaly türki dilde aýdylýan ýer ýurt ady bilen doly.
Her bir ýurt atlarynyň aşagynda giden bir hakykat,geçmiş ýatyr. Türkmensähra bilen Horasanyň äräçäginde ýerleşen, keserip ýatan gara daga Gorkut dagy diýilýär. Iň gyzykly ýeride Gorkutyň töwereginde ýaşaýan türkmenleriň Oguzlaryň Baýat taýpasyndan bolmagydyr.Bilşimiz ýaly, Gorkut atamyz hem Oguzyn Baýat boýundan çykan akyldarymyzdyr.Dagyň başyndaky bir mazara halk uzak wagtlap zyýarat edipdirler. Ýöne ol mazar kimiňkidigi hakynda hiç maglumat ýok.Soňky döwürlerdede daş üýşmeginiň bardygyny beýik daga çykanlaryň agzyndan eşitdik. Gözbaşyny Horasandan alyp gaýdýan soňra Türkmenistanyň äräçäginden akýan Sumbar jülgesi we derýasy hem köp wagtlap rus we dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelýär.Adynyň Sumbar bolmagy we rus botanik alymy Mizgirýowanyn gözlegleri netijesinde Sumbar we Çendir jülgelerindäki tapyndylar dünýä alymlarynyň ,Sümerleri öwrenijileriň ünsüni çekipdi. Türkmenistan we Eýran araçäginde ýerleşen Bezegli gaýa ýada Şelepli gaýadaky reňkli gaýa suratlary in az 3500 ýyllyk suratlar diýlip maglumatlar berilipdi.Derýanyň adynyň we jülgäniň adynyň Sumbar ýa-da Sumar bolmasy we bu ýerdäki taryhy tapyndylar sümerleriň bu ýerde ýaşan bolmagy ähtimalyny öňe sürýär. Hat-da, häzirki wagtda hem bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň dokaýan käbir ýüpek halylarynda sümer alfabeleriniň bardygy hakynda maglumatlar bar.Häzirki wagtda bu jülgä gelýän Ýewropaly syýahatçylar we alymlar has köpeldi.Elbetde bularyň hemmesini “sebäpkäri” bu ýeriniň adynyň Sumbar bolmagydyr.
Ýa-da, Gülüstan jeňňeliniň üstünde howalanyp duran dagyň çür başyndaky Soltan Hüppi zyýaratgäsiniň kimligi hakynda oba adamlary bilmese-de, bu ýerde gaty uly bir ýaşaýşyň bolandygyny 1000 lerçe gektar ýerde ýatan mazarlyklar, taryhy galyndylar,mazar daşlary, küýze döwükleri güwä geçýär. Türkiýeli edebiýat alymy professor Abdyrahman Gözeliň Dini –Tasavvufi Türk Edebiýati kitabynda (252 sahypada) bir rowaýatda Soltan Hüppüniň Gul Süleýmanyn Anber anadan bolan üç oglundan kiçisidigini,ylymda atasyndan aşandygyny we soňra-da ýitendigini ýazýar.
Elbetde , bu bir rowaýata daýanylyp aýdylýar. Ýöne ,esasan halk bu Soltan Hüppiniň ady bilen öz hakydasynda dag başynyň iň gözel ýerinde oňa orun beripdir.
Bu etraplarda ýer ýurt atlaryndan çen tutsak, bu ýerde türkmenleriň uzak wagtlap ýaşandygyny bilmek mümkin. Sebäbi , her dag,depe,dere, oý, çöketlik ,çeşme,oba atlary türkmen dilinde.
Düýe örküji , Sopy guşçy, Janlar, Köýler, Narçy, Bäş ýahdan, Eýer gaşy,Kesedag, Gara gowak, Çatal gowak, Gajyr çeşme,Laý önder,Ýylyçeşme,Dilme, Gurbakgaly kak,Samy aglan, Güllidag, Ganly çeşme, Beýli dagy, Adam çagyran,Garaňky jeňňel, Togar baba,Baba gyzyl öwlüýä, Han düşen dere, Gelmen dere,Ýagy dökülen, Ýeke barmak, Alma we sanardan köpräk ýer ýurt atlary bar.
Türkmen alymy Zylyha Bakyýewna Muhammedowa bir makalasynda” Leningrad arhiwinde saklanýan maglumatda ,türkmenleriň arasynda Örjenli baý diýen baý adamyň üç oglunyň bolandygyny, olaryň adynyň Garnas,Suwarjyk,Ökürjik bolandygyny ýazýar. Ökürjigiň edermen, mergen,batyr ýigit bolandygy hakynda maglumat berilipdir. 18 asyr türkmen şahyry Şeýdaýynyň ” Türkmeni ahwaly” diýen şygrynda :
Körhan ogly Okürjik (Ugurjyk) alp,
Gezdi Türk ilin at salyp,
Görogly oňa at galyp,
Paç alyp geçdi sagy-soly
diýýär. Zylyha Muhammedowanyň makalasyndaky ýatlan taryhy şahslaryň atlary bilen 18 asyr türkmen şahyrynyň setirleriniň gabat gelmesi tötänden däl. Bu atlar Eýranda-da Türkmensährada oba atlarydyr.
Awtory : Ogulmaýa Samizade
Dowamy bar..