GENEL

Dünýäniň iň meşhur hem-de geçginli telefonlary

“Counterpoint Research” kompaniýasynyň hünärmenleriniň geçiren barlaglarynyň netijesinde, dünýäniň iň meşhur hem-de geçginli 10 ykjam telefonlary kesgitlendi. Tamamlanyp barýan ýylyň üçünji çärýeginde iň meşhur telefon derejesine “Apple” kompaniýasynyň belli “iPhone XR” smartfony eýe boldy. Onuň söwdasy 3 göterim artdy.

Bu sanawda ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasynyň “Samsung Galaxy A10” hem-de “Samsung Galaxy A50” telefonlary eýeledi. Olary hem telefon söwda bazarynyň 2,6 hem-de 1,9 göterimini tutýar.

Ilkinji onluga “Oppo A9”, “iPhone 11”, “Oppo A5s”, “Samsung Galaxy A20”, “Oppo A5”, şeýle hem Hytaýyň “Xiaomi Redmi A7” hem-de “Huawei P30” girdi. Sanawdaky ilkinji onlukdaky telefonlar tutuş dünýä bazaryndaky telefon söwdasynyň 17 göterimini eýeleýär.

Related posts

Macaristan Türkmenistan’dan doğalgaz alımı ile ilgileniyor

vepa

Tarım ürünleri için yeni alım fiyatları

vepa

Bakanlar Kurulu toplantısı: Türkmenistan heyeti, Rusya’yı ziyaret edecek