GENEL

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat

Şu günler ýurdumyzda 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni giň gerimde bellenip geçilýär. 24 ýyl mundan ozal, Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna agza ýurtlaryň aglabasynyň biragyzdan goldamagynda bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. Dünýäde BMG tarapyndan bitaraplyk derejesine eýe bolan ýeke-täk ýurt bolan Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýy 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamasy bilen ikinji gezek tassyklandy.

Bu şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuwmekdepleriniň rektorlary, mugallymlar we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Ylmy maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky düzümleriniň,  Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşmagynda sergi geçirildi.

Soňra ylmy maslahat öz işine başlady. Ylmy maslahatda hormatly Prezidentimiz Gutlag haty okaldy. Maslahatyň çäklerinde edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barada durlup geçildi. Onda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Natalýa Drozd we beýlekiler çykyş etdiler.

TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ ÝURTLARYNYÑ TAGAMLARYNYÑ SERGISI

Ylmy maslahatdan soňra Türkmenistanyň we dünýä ýurtlarynyň tagamlarynyň sergisi guraldy. Onda Türkiýäniň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Palestinanyň, Pakistanyň, Gazagystanyň, Hindistanyň, Belarusyň, Fransiýanyň we Owganystanyň milli tagamlary görkezildi. Daşary ýurtly myhmanlarda ýurdumyzyň lezzetli tagamlary uly gyzyklanma döretdi.

TÜRKMENISTANYÑ DAŞARY SYÝASATY SANLARDA

  •  Häzirki wagtda Türkmenistan 147 sany ýurt bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, 47 sany halkara guramanyň agzasy bolup durýar.
  • Türkmenistan 150 sany halkara konwensiýalara, şertnamalara we beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar.
  • Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany ilçihanasy, konsullyklary we hemişelik wekilhanalary hereket edýär.

Türkmenistanda hemişelik esasda 35 sany ilçihana, konsullyklar we 15 sany halkara guramalaryň wekilhanasy işleýär.

Ýene-de okaň

Saragt Babayev ve Jemal Saparova “Türkmenistan’ın Kahramanı” unvanına layık görüldü

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da ilk güneş ve rüzgar elektrik santrali hizmete açılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da yeni hastaneler inşa edilecek

Türkmenistan Devlet Başkanı: küçük, orta ve büyük girişimciliği geliştireceğiz

Türkmen Halkının Milli Lideri’nin ileri sürdüğü önemli inisiyatifler

Aşkabat’ta 13 toplu konut hizmete açıldı