Bu söhbetdeşlik has atlaryň uly bölümleriniň biri bolan adam atlary bilen baglanyşyklydyr. Adamlar gaty gadymy döwürlerden bäri, belki-de, Adam Ata we How Eneden bäri has atlary ulanyp gelýärler.
Elbetde, meniň türkmen adam atlary hakynda söhbet etmekçidigim malim bolandyr. Özüm türkmen bolandygym üçin hem bolup biler, ýöne esasy zat tutarykly delillerim bolandygy üçin, türkmen dilindäki has atlar hakynda käbir aýratynlyklary gysgaça görnüşde okyjylar köpçüligi bilen paýlaşmaklygy ýerlikli hasapladym.
Beýleki halklarda bolşy ýaly, Türkmenlerde-de has atlaryň tematik topary gaty giň meýdany öz içine alýar. Başgalaryna meňzemeýän häsiýetli aýratynlyklarynyň biri onuň tutuş tebigat bilen, janly haýwanat dünýäsi we ösümlikler dünýäsi bilen, mahlasy, durmuş bilen berk baglanyşykly bolandygydyr. Bu başga halklarda-da bolup biler, ýöne türkmeniňki biraz tapawutlydyr. Bu ýagdaýy hut başga halkyň wekiliniň dilinden eşideniňde, meniň diýýänime doly göz ýetirersiňiz.
Has atlar her bir kişiniň doglanyndan başlap, ömrüniň ahyryna çenli ulanýan atlarynyň nusgasydyr. Pasport, şahadatnama we beýleki resminamalarda has atlaryň ulanylyş gerimi gaty giňdir. Eýsem şol resminamalara guş ady bolup girmek-de, ösümlik ady bolup girmek-de, dürli haýwanlaryň ady bolup girmek-de, reňk ady bolup girmek-de… mümkin.
Göni mysaldan başlalyň. Mysalyň başlangyjyny çaklama sorag diýip hasap edeliň. Ynha, şeýle: Türkmen has atlarynda nähili guşlar barka? Belki-de, beýleki türki halklara garanyňda, türkmenlerde guşlaryň atlary has köp ulanylýandyr?! Türkmenlerde guş atlary oglanlarda köpmi ýa-da gyzlarda köp?! Şuňa meňzeş soraglardan ugur alyp, ylmy derňewlerimizi elimizdäki çeşmelere görä dowam etdirýäris. Ýöne elimizdäki çeşmeleriň anyk netijeleri almak üçin ýeterlik bolmadygyny-da bellemelidiris.
Eýsem, türk dünýäsinde türkmenler has atlarynda guşlary ulanmakda näçinji orunda-ka?! Elimizde deňeşdirilýän tarapyň anyk netijeleriniň bolmazlygy hem-de özümiziň derňewimiziň doly gutarmandygy sebäpli, muňa edil şu wagt anyk jogap berip bilmeýäris. Ýöne sözlüklerimizden ýygnan delillerimize görä, Türkmenleriň hem öz çagalaryna guş atlaryny köp dakýan halklaryň biri bolandygyny aýdyp bileris.
Türkmen dilinde takmynan on bäşe ýakyn has at guşlaryň ady bilen bilen baglanyşyklydyr. Şolaryň köpüsi türkmen gyzlaryna berlen atlardyr. Gürrüňi edilýän gyz atlarynyň iň esasylary şulardyr: Bilbil, Käkilik, Laçyn, Sülgün, Tawus, Toty, Turaç.
Türkmen has atlarynda bellenmeli aýratynlyklaryň biri-de “ogul” bilen baglanyşykly düşünjedir. Şuňa laýyklykda, gadym döwürden bäri “oguldur döwletiň başy” diýen düşünjä gulluk eden türkmenler hemişe “ogul” arzuwy bilen ýaşapdyrlar. Gyzy bolsa-da, ýene öz arzuw-isleglerini goýbolsun etmändirler. Şonuň üçin, “gyz-da bolsa, göwün hoşy” diýip, ogul ornuna gelen gyzlarynyň atlaryny-da “ogul” sözi bilen bezäp, “Ogulgerek, Oguldursun, Ogulboldy” ýaly atlary dakypdyrlar. Bu häsiýet belki-de diňe türkmenlere has bolan häsiýetleriň biridir. Muny guş atlary bilen baglanyşykly has atlarda-da görmek mümkindir: “Ogulsülgün, Ogultawus, Ogultoty” [Türkmen adam atlary, 1995:226].
Soňky döwürde türkmen diline degişli taýýarlanylan düşündirişli sözlüklerde berilýän “gyza dakylýan at”, “oglana dakylýan at”, “adam ady” ýaly düşündirişleri ýerlikli hasaplaýarys. Ýöne bu ýerdäki “adam ady” diýen düşündiriş biraz ikirjiňlendirýär. Has dogrusy, “adam ady” diýen düşündirişden ikisine-de (gyza-da, oglana-da) dakylýan at diýen many çykýarmy? soragyny ýüze çykarýar.
Munuň bir nusgasyny “bilbil” sözünden hem görüp bilýäris. Oňa türkmen diliniň sözlüginde şeýle düşündiriş berilýär:
“BILBIL; 1.Serçeler maşgalasyndan bolan, goňur-çal renkli saýrak guş. 2. Adam ady” [TDDS, I, 2016:148].
Türkmenlerde “Bilbil” ady hem oglana, hem-de gyza dakylýar. Oglana dakylmagynyň esasy güle aşyklygyndan ugur alynýar, gyza dakylmagynyň sebäbi-de guşuň häsiýetli aýratynlygy bolan saýraklygyndan we owadanlygyndandyr. Muňa degişli ikili nusga “Garlawaç” [Türkmen adam atlary, 1995:93] adynda hem duşmak bolýar.
Geliň, sözlükdäki käbir guş atlarynyň düşündirişlerine göz atalyň:
“KÄKILIK; 1.Kepderiden tokgarak, çalymtykdan owadan reňkli, çüňki gyzyl guş. 2.Gyza dakylýan at” [TDDS, II, 2016:36].
“LAÇYN; 1. Ýeňsesi gögümtil ýa-da çalymtyl-gök, arkasy çalymtyl-goňur, aw awlamak üçin ýörite ellekileşdirilýän algyr guş. 2.Gyza dakylýan at”, [TDDS, II, 2016:70];
“SÜLGÜN; 1.Towuklar maşgalasyndan bolan meýdan guşy, ýabany towuk. 2.Gyza dakylýan at” [TDDS, II, 2016:317];
“TAWUS; 1.Sülgünler maşgalasyndan bolan owadan ýelekli uly guş. 2.Gyza dakylýan at” [TDDS, II, 2016:390];
“TOTY; 1.Tropik ýurtlarda ýaşaýan we käbir aýdylan sözi gaýtalap bilýän dürli reňkli owadan tokaý guşy. 2.Gyza dakylýan at” [TDDS, II, 2016:416];
“TURAÇ; 1.Käkilige meňzeş aw guşy. 2.Gyza dakylýan at” [TDDS, II, 2016:495].
Alnan mysallardan-da görnüşi ýaly, türkmenlerde “gyza dakylýan at” diýlip düşündirişler anyk deliller esasynda delillendirilipdir. Bu deliliň bir tarapy, türkmene mahsus medeniýet diýmekligi aňladýar.
Oglana dakylýan guş atlary köp däldir. Seýrek-de bolsa türkmen oglan atlarynyň arasynda Algyr, Bürgüt, Serçe, Durna… ýaly has atlar duş gelýär.
“Çürçüri” ady bolsa gyzlar üçin ulanylýan has atdyr. Emma hasaba alnan ýeri ýokdur, diňe sözlükde “gumda ýaşaýan gara-ala ýelekli kiçijik guş” diýlip düşündiriş berilýändigi anykdyr.
Has atlar diliň içgin öwrenilmeli meseleleriniň biridir. Bu babatda “Türkmen adam atlary” [Türkmen adam atlary, Aşgabat, 1995] diýen gollanma-da has giňiş görnüşinde täzeden işlenilip taýýarlanylsa ýerlikli bolardy.