“Instagram”, jemgyýetçilik torunda tassyklanan akkaunt hasap edilýän “gök tik” akkaunty hususan-da meşhur sungat işgärleri, futbolçylar, ýazyjylar, moda dizaýnerleri we beýlekiler tarapyndan giňden ulanýarlar. Şolaryň hataryna türkmen sungat işgärleri hem kem-kemden goşulyp başlady. Biziň seljermelerimiziň netijesine görä, türkmen sunagt işgärleriniň arasynda “gök tik” akkauntyna ilkinji bolup, Türkiýe Respublikasynda bilim alýan türkmen sungat ussady Çynara 2 ýyl mundan ozal aldy. www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan we şol söhbetdeşligi türkmen we türk dillerinde çap edilen “gök tik” akkauntly ýeke-täk türkmen zenan aýdymçysy Çynara Bahattin Gündogdy ýa-da gysgaça Baha atly türk aýdymçysy bilen bilelikde aýdym aýtmak bilen meşhurlygyny has-da artdyrdy. Olaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdymy “ýylyň düeti” baýragyna mynasyp boldy. Golaýda Çynara Türkiýe Respublikasynda döredilen Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy hem boldy. Onuň akkauntyny 166 müň adam synlaýar. Erkek sungat işgärleriniň arasynda “S Beater” ady bilen tanalýan türkmen aýdymçysy bolsa 60 müň tarapdary bilen “gök tik” akkauntynyň eýesidir.
ZÜLEÝHA KAKAÝEWA BIRINJI ORUNDA
Türkmenistanda aýdymçylaryň arasynda jemgyýetçilik torlardan “Instagram” giňden ulanylýar. Bu babatda zenan aýdymçylaryň tarapdarlarynyň sany haz köp. www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan Züleýha Kakaýewanyň “Instagram” jemgyýetçilik torundan giňden peýdalanýandygy mälim boldy. Onuň 144 ümň tarapdary bar. Türkmenistanyň meşhur zenan sungat işgärlerinden Gülşat Gurdowanyň 127 müň tarapdary bar bolsa, “Amalia” hökmünde tanalýan türkmen aýdymçysynyň tarapdarynyň sany 143 müňe deňdir. Ýaş türkmen estrada aýdymçysy Mähri Pirgulyýewa 122 müň tarapdary bilen öňdäki orunlary eýeleýän bolsa, Gülälek Hezretgulyýewanyň 80 müň, Abadan Halmedowanyň bolsa 43 müň tarapdary bar.
Erkek estrada ýyldyzlarynyň arasynda Azat Dönmezow 108 müň tarapdary bilen birinji, “DJ Begga” hökmünde tanalýan aýdymçy Begmyrat Annamyradowyň 93 müň yzarlaýany bar. Mekan Ataýew 61 müň, Parahat Amandurdyýewiň 59 müň, Durdy Durdyýewiň 51 müň, Hemra Rejepowyň 47 müň, Eldar Ahmedowyň we Ahmet Atajanowyň 38 müň, Hajy Ýazmämmedowyň bolsa 33 müň tarapdary bar.
Satira sahnasynyň ussatlary hem öňdeligi eýeleýär
Satira sahnasynyň ussatlaryndan Myrat Molla 139 müň tarapdary bilen bu ugurda öňdeligi eýeleýär. Bu ugurda onuň bilen Ýagşy Goşunow bäsleşip, onuň tarapdarynyň sany 137 müň deňdir. “Çepbe” hökmünde tanalýan teatr sungatynyň işgäriniň bolsa 63 müň tarapdary bar.
Alyp baryjylardan Mergen Annamuhammedowyň 70 müň, Zybagözel Orazmyradowanyň 63 müň tarapdary bar. Ökde alyp baryjylardan Pälwan Muhiýewiň 25 müň, teleýaýlymda çagalar barada gepleşikleri taýýarlaýan Batyr Hojanyýazowyň bolsa 13 müň tarapdary bar.
www.atavatan-turkmenistan.com saýty bilen söhbetdeşlik gurnan Kakageldi Seýitmuhammedowyň we saz ussady Hakberdi Hudaýberdiýewiň Instagramda örän az sanda tarapdary bar. Teatr işgäri Döwletgeldi Berdiyewiň Instagram jemgyýetçilik torunda akkauntynyň bardygyny anyklap bilmedik. Ýokarda agzalan sungat işgärleri türkmen halky tarapyndan tanalýan sungat ussatlary bolup, başga-da jemgyýetçilik torunda has köp tarapdara eýe bolan aýdymçydyr sungat işgäriniň bolup biljekdigini aýtmak bolar.