Türkmen aga: "Sabyrly gul dura-bara şat bolar, bisabyr gul tiz ýolugar belaga" diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Aslynda, sabyrly bolup bilmek hem hemme kişä başardýan häsiýetleriň biri däl. "Sabyr" sözi çydamak, duýgularyňa erk edip bilmek, durmuşda näme bolsa bolsun öz umydyňy ýeke-täk Ýaradandan üzmezlikdir, köňlüňi bire baglamakdyr. Durmuşda her kimiň başyndan kynçylyk geçendir we her kim öz ýoluny ýagtylaşdyrjak umydy gözleýändir… Durmuş kynçylyklary göräýmäge käbir adamlar üçin geçmesi uzyn we kyn ýol ýaly bolup görünýär, emma käbirleri üçin bolsa bu ýol beýikleriň ýoly. Durmuşda köp kişi kynçylyklar zerarly ejizleýär, käwagtlar bolsa maksatlaryndan galýarlar.Ýöne käbirleri üçin sabyr-bu synag. "Durmuş-bu iň gowy mugallym" diýip, ýöne ýere aýdylmaýar, sebäbi eger-de mekdepde ilki öwredilip soň synag alynýan bolsa, durmuşda ilki synag alynyp, soň netijä görä öwredilýär. Kerim aş-Şaziliniň belleýşi ýaly:"Ýagdaý+jogap hereketi=netije". Şu nukdaýnazardan alsak, kynçylygyň öňünde başyňy egmän durup bilmek hem hemmämize gowy netijeler berip biler. Sabyr aslynda bir synagdyr. Sabyrly bolup bilenler öz garaňky ýollaryndaky ýagtylygy taparlar, bisabyrlar bolsa daşlara büdräp, garaňkylykda öz ýollaryny ýitirip bilerler. Şonuň üçin sabyrly bolmaly, garaşmaly, sebäbi haýryňa bolmajak bolsa, onuň dawasyny etmegiň hajaty hem ýokdur. Unutmalyň, yhlasymyza, ýadawsyzlyk bilen çeken zähmetimize, sabrymyza görä hem sowgat-serpaý, sylag gadyr gazanarys! Muhammet(S.A.W.) aýdypdyr: "Işler ahyryn, netijesine görädir". Uly ädimler uly maksatlar bilen ädilýär. Bu kynçylyk doly ýollar beýiklige tarap uzalýan ýollardyr. Üstünlik bize hiç wagt sowgat berilmeýär ol gazanylýar, ony göreşip, çekip almaly. Emma bu ýollarda basylan ädimlerde kynçylyklary hem başdan geçirmeli. Onuň üçin hem gaýrat we umyt gerekli. Belki-de birnäçe synagdan geçmeli bolup bileris, kämahal arzuwlarymyzy öz elimiz bilen itmeli bolup bileris, büdränimizde belki-de biziň elimizden tutjak adam bolman biler, ýolumyza daş düşeýänler hem bolup biler, ýalňyz ýöremelem bolup bileris, ýöne biziň ýolumyzdaky güýjümiz sabrymyz bolup durýar, ýol görkezijilerimiz nusgalyk alar ýaly adamlar, asmanda parlaýan ýyldyzlar-beýik adamlar, ýolumyzyň soňy-biziň maksadymyz, ol şöhle saçýan aý bolsa ýeke-tägiň nurudur.Şol sebäpli öz sabryňyzy güýç-kuwwadyňyz hasaplaň!
Täçjemal PIRLIÝEWA
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji orta mekdebiň IX"A"synp okuwçysy
Jemi 88 Eser Bäsleşýär : Ata Watan Eserleri
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDU5Mw==
Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==
“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==