GENEL

“VISA we MasterCard” :10.000 $ mümkinçiligi

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ulanyşa goýberen “VISA Classic Syýahat” we “MasterCard Standard Syýahat” halkara bank kartlaryna bir aýyň dowamynda 10,000 ABŞ dollaryna çenli pul ýüklemäge raýatlara mümkinçilik döredildi. Bu barada https://business.com.tm/tm/   saýtynda ýazylýar. Bankyň şahsy taraplaryň hasaplar bölüminiň başlygynyň ýerine ýetirijisi Mähri Bazarowa “Biznes Türkmenistan” neşirine beren beýanatynda täze halkara bank kartlaryndan Türkmenistanyň islendik raýatynyň peýdalanyp biljekdigini aýtdy.

Bazarowa “Syýahat” kartlarynyň hasabynyň diňe daşary ýurt walýutasynda doldurylýandygyny aýdyp, bu prosesiň dowamynda müşderilerden serişdäniň nireden gelip çykandygy barada maglumat talap edilmeýändigini belledi.

Daşary ykdysady iş bankynyň wekili kart hasaplaryna nagt görnüşinde, şeýle hem beýleki walýuta hasaplaryndan geçiriljek serişdeleriň hasabyna pul ýükläp bolýandygyny nygtady.

“Täze kartlaryň ikisiniň hem mümkinçilikleri deň bolup durýar. Bu kartlardan bir gije-gündiziň dowamynda 200 ABŞ dollary nagt görnüşinde alnyp bilinýär. Bank bu hyzmatdan 1.75% tutum alýar. Nagt däl hasaplaşyklarda bolsa, çäklendirme ýok” diýip, Bazarowa aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky “Syýahat” kartlaryny 1-nji noýabrdan işe girizdi. Bankdan alnan maglumatlara görä, bu kartlary almaga isleg bildirýän raýatlar şahsy pasportyny we onuň göçürmesini, şeýle hem biometrik pasportynyň maglumat ýerleşdirilen sahypasynyň göçürmesini görkezmek arkaly banka ýüz tutup, bir hepdäniň dowamynda “Syýahat” kartlaryna eýe bolup bilerler.

Ýene-de okaň

Türkmen-İran sınırındaki gümrük kapılarının işleyişi normal seyrinde devam ediyor

Türkmenistan ile Tacikistan tekstil sanayisi alanında işbirliğini güçlendiriyor

Türkmenistan “Galkınış” ulusal atlı oyunları grubu Bakü’de sahne aldı

Türkmenistan ve Azerbaycan atçılık alanında işbirliği kararı aldı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Dışişleri Bakanlığı: 16 ülkeden 200’den fazla vatandaş İran’dan giriş yaptı

Mariya Zaharova: Rus vatandaşlarının tahliyesinde Türkmenistan’ın devasa yardımı var