Türkmenistan gazetiniň 25.11.2019 senesindäki sanynda şeýle habar berilýär.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 -17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1…-6 gradus sowukdan +2…+7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14…+19 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6…+11 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän,
tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-7 gradus sowukdan +1…+6 gradus araly-gynda maýyl, gündizlerine 0…+5 gradusdan +12…+17 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1…-6 gradus sowukdan 0…+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2…+7 gradusdan +12…+17 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5…-10 gradus sowukdan 0…+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2…+3 gradusdan +11…+16 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -7…-12 gradus sowukdan -1…+4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -4…+1 gradusdan +4…+9 gradus aralygynda maýyl bolar.
Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 9 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2…-4 gradus sowukdan +4…+6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3…+5 gradusdan +14…+16 gradus aralygynda maýyl bolar.