Söýgüden köňlüňi oýnadyp duran
Mähirden yüregňi gaýnadyp duran
Gyşyna gün ýaly ýyladyp duran
Şol çogly ojakdyr enäň ojagy
Tapmarsyň özgeden beýle yhlasy
Olaň ýanda bar belalar kiçeler
Boljak mydam çagasynyň binasy
Şol ýyly gujaklar enäň gujagy
Seni adam edip ýetişdir ene,
Mährini küýsärsiň sen ýene ýene,
Gandyryp ýetiren seni bir çene,
Ak süýtli saçaklar enäň saçagy.
Saňa bu jahanda çyn hossar bolan
Olaň yhlasynda görünmez ýalan
Gije-gündiz ýatman seni yralan
Ol kuwwatly gollar enäň gollary
Saňa mähir bilen her güni ýaşan
Seniň ak bagtyňa guwanyp ýaşan
Seni ezizleýip bagryna basan
Ol mylaýym eller enäniň eli
Her säherde ak ýüzüňi sypalan
Ol şypaly ýeller enäniň ýeli
Gulagyňdan owazyny kesmedik
Ol hüwdi diller enäniň dili
Tükenmeýän derýa deýin joş uran
Köňlüňe mähirden binýadyn guran
Aýsyz gijelerde yşyklap duran
Ol nurly göreçler enäniň gözi
Bar kynçylyk ene görse gizlener
Hassa bolsaň dermanyny gözlenen
Saňa mydam balam diýip ýüzlenen
Ol süýji setirler enäniň sözi
Ýaşlaryny uzyn etsin Hudaýym
Senem oň ugrunda durgunyň gaýym
Seniň üçin janyn bermäge taýyn
Diňe şoldyr, diňe enäniň özi
Muhammet Nurgeldiýew
Aşgabat Şäheri
Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin
Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==
“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==