GENEL

Türkmen Biz

Oguz handan gaýtýan pederlermiz bar,

Namysjañ gaýratly ýigitlermiz bar,

“Watan janym” diýen gerçeklermiz bar,

Mert ogully Arkadagly türkmen biz.

 

Bagy-bossanlyga öwrülýär diýar,

Ak mermerli binalarmyz gurulýar,

Owadan watanda nesil bagtyýar,

Garaşsyzlyk alan beýik türkmen biz.

 

Çarlaklañ bar Awazaña görk berýän,

Tolkunlary göwün-guşun galdyrýan,

Gelen myhmanlary haýrana goýýan,

Awazaly gök deñizli türkmen biz.

 

Gadymdan gelýändir gözel halylar,

Nepisläp dokapdyr ene-mamalar,

Dünýäde tanalýan gölli halylar,

Owadan halyly beýik türkmen biz.

 

Türkmenleri bütin dünýä tanadan,

Ahalteke atlaryň bar owadan,

Togsan birde garaşsyzlyk jar eden,

Bedew batly öňe barýan türkmen biz.

 

Gör ne ajap owadan bir ýurduñ bar,

Görküñe görk goşýan binalaryñ bar,

Belentde parlaýan ýaşyl tuguñ bar,

Al-ýaşyl baydakly erkin türkmen biz.

Çaryýewa Jemal

 

Ýene-de okaň

Taşkent’te “Orta Asya-Kore Cumhuriyeti” Zirvesi hazırlıkları ele alındı

Türkmenistan AB ve Orta Asya’nın Afganistan konulu toplantısına katıldı

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan’ı ziyareti planlanıyor

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Donald Trump’ın doğum gününü kutladı

İran Dışişleri Bakan Yardımcısı’nın Aşkabat’a ziyareti

Malezya Başbakanı Türkmenistan’a resmi ziyaret gerçekleştirecek