DÜNYA

“Buz eýýamy” ― döwürleriň iň gowy multfilmi

Diňe çagalaryň däl, eýsem, ulularyň arasynda hem uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýän «Buz eýýamy» atly multfilmiň ilkinji gezek ekrana çykanyna, hä diýmän, 18 ýyl dolýar. Ol garaşylanyndan hem artykmaç şöhrat gazanan az sanly multfilmleriň biridir. Maýkl J.Uilsonyň hekaýasy esasynda multfilmiň edebi esasyny Kris WaýŽ bilen Karlos Saldana ýazdy.

Bu mulfilm «Blue Sky Studios» kompaniýasynyň ilkinji uly göwrümli işleriniň biridir. «20th Century Fox» kompaniýasy bolsa ony 2002-nji ýylyň 15-nji martynda satlyga çykardy. Filme Raý Romano (Manni), Jon Leguizamo (Sid) we Denis Liri (Diego) ýaly dünýä belli ýyldyzlar ses berdiler.

Ilkinji bölümi 383 million dollar gazanan multfilm 75-nji Akademiýa festiwalynda «Iň ýagşy animasion film» diýen ada hem mynasyp boldy. Internetde hatda onuň satlyga çykarylan ilkinji hepdesinde 43,3 million dollar gazanyp, öz döwrüniň rekordyny goýandygy hem ýazylýar. Şeýlelikde, filmiň dowamy 2006, 2009, 2012 we 2016-njy ýyllarda ekranlara çykdy. Elbetde, «Buz eýýamynyň» her bir bölümi tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin kompaniýa altynjy bölümi surata düşürmegi hem meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak

Türkmenistan’da özel mesleki konuların İngilizce öğretilmesine yönelik mesleki gelişim eğitiminin başlatılması görüşüldü