GENEL

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi,

Ýürekden söýmäge derek?

Aýralyga dözäýjekmi,

«Bagyşla» diýmäge derek?

 

Ejiz başym salyp gowga,

Uçup gidäýjekmi gaýra?!

Meňzeýip güýzdäki durna,

Ýazlara uýmaga derek.

 

Eýläp bagrym dilim-dilim,

Soldurjakmy söýgi gülün?!

Gazaply aňzak gyş deýin,

Gün kimin çoýmaga derek.

 

 

Ýakyp ýörjekmi sen oda,

Yşkda-da bar  ahyr kada,

Öwrüljekmi ýedi ýada,

Ýakynyň saýmaga derek?!

 

Seret, ýalňyzlykda galdym,

Şygrymda bezärdim adyň,

Aldyň ylhamymyň badyn,

Setirim ýaýmaga derek!

 

Ökünersiň aýrylanňa,

Gideniňe gaýralygna,

Gol berenňe aýralyga,

Daşymda gaýmaga derek!

Altyngözel Amanmämmedowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

 

Related posts

11. Cumhurbaşkanı Abdullah Gül Türkmenistan’da

vepa

Türkmenistan – 2018 yılının popüler turistik mekanı seçildi

vepa

Cumhurbaşkanı Yardımcısı Yılmaz, Türkmenistan’a geliyor

Ata Watan Eserleri