GENEL

18 Ýaşly hüjümçi taryha girdi

«Real» Madrid klubynyň hüjümçisi Rodrigo Goes UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda Türkiýäniň «Galatasaraýynyň» derwezesine iki pökgi geçirip taryha girdi.

«Opta» statistik portalynyň ýazmagyna görä, Goes henize çenli UEFA-nyň Çempionlar ligasynda pökgi geçiren iň ýaş braziliýaly hökmünde hasaba alyndy. Ol bu netijäni 18 ýaş 302 günlükkä amala aşyrmagy başardy.

Tomusky transfer möwsüminde «Realyň» düzümine goşulan hüjümçi şu ýyl topary bilen bäş duşuşyk geçirdi. Şol duşuşyklarda onuň 4 goly we bir gol pasy bar.

Related posts

Iň köp hak tölenýän aktrisalar

vepa

Uluslararası Yatırım ihale ilanı yayınlandı

vepa

Üçünji orna düşdi, sebäbi…

vepa