Bu hasabyň nahili hasapdygy köp adamy gyzyklandyrsa gerek. Ata-babalarymyz pasyllary dürli döwürlere, möwsümlere bölüpdirler. Howa ýagdaýlaryny öňünden aňlamagy kesp-kär edinen nebereler bolupdyr. Şolaryň biri çeltekler – Mary etrabynyň Mülkbagşy obasynda ýaşaýan bir nebere. Olardan zehinli, halatly, duýgur adamlar çykypdyr. Çeltekleriň özboluşly senenamasy – wagt hasaby bar eken. Tebigata edilýän yzygiderli gözegçilik, tomusda agşamlaryna ýyldyz sanamak olaryň syrly kesbiniň özenini düzüpdir. Tomusda ýyldyzlaryň ýerleşişinden geljek gyşyň belli – belli günlerinde gar ýagjagyny, aňzak boljagyny aňlamagy başarypdyrlar. Bu halatlylygyň uzakdan gelýändigi üçin «Çeltek hasaby» diýlipdir. Şeýdip, olaryň bu täsin galaýmaly kesbi il içinde «Çeltek hasaby» diýen at bilen meşhur bolýar.
Çeltekleriň ile-güne nepi degen adamlar bolandygy barada gürrüňler ýaňy-ýakyna çenli ýatlanypdyr. Çakan atly bir gurply maldaryň agyr sürüsini Mergen çeltegiň gardan halas edişi täsindir. Günortan çaý içip dem-dynjyny alan Nazar çopan örä ýaýran sürä esewan etmek üçin ýörände, öz golaýyna goşa tazyly atlynyň gelenini soň duýup galýar. Salam berip saklanan atly bilen iki elläp görüşýär. Saglyk amanlyk soraşylansoň, ýaş ýigit çopandan mallary näçeräk wagt meýdanda bakjakdygyny, haýsy tarapa gitjekdigini soraýar. Sürüni tekiz meýdandan guma tarap sürmelidigini, agşam gar ýagjakdygyny aýdýar. Eger goşa baryp ýetişmese goýunlary töweregi ojardyr, gandymly golda – peslikde saklamagy maslahat berýär. Gyssanmasaňyz gaýda galarsyňyz diýip ýaş ýigit öz ýoly bilen bolupdyr. Onuň yzyndan garap galan goja çopanyň göwün guşy ganatlanýar. Giň ýaýlada duýdansyz ýanyma gelip, döwletli maslahat beren kimkä? Belki Hydyr atadyr. Ata-babalarymyz “Kyrk ýyl goýuny gatyrganman baksaň, Hydyr görner” diýip ýöne ýere aýtmandyr ahyryn. Çopan Hydyr atanyň gaşynda ýagşy dileg etmändigine hem ökünýär. Çolugyny otly kesindili öňe düşürip, goýunlary sürüp başlan çopan garaýataga gelen dessine gar ýagyp başlapdyr. Harasat turýar. Mal eýesi gelip görse goýunlaryň başy tükeldi. Gurply maldar Çakan aga çopanyň bu eden aladasyna juda begenýär. Çünki ol ogly bilen sürüden geçdik, çopanlaryň jany sag bolsa bolýar diýip ýola düşüpdi ahyryn. Çopana ýagşy maslahat beren awdan dolanyp gelýän Mergen çeltekdi.
Mülkbagşy obasynyň gojalarynyň biri ýaş wagty Mergen çeltek bilen baglanyşykly bolan wakany haýran galmak bilen ýatlapdyr. Nowhanadyr ýaplara gazy-haşar işleri geçirilende Mergen çeltegi mirap belläpdirler. Günleriň birinde gazyçylar jaýdyr çatma ýok ýerinde işleýän eken. Gün çogy ýagyrnyňy ýyladýanam bolsa, Mergen çeltegiň buýrugy bilen ýabyň yk tarapyndaky raýyşdan gamyş-hyşa goýlup basyrylan bassyrma şekilli bir telär dikeldilýär. Başga obadan gelen gazyçylar Mergen çeltegi tanamansoň, onuň aýdanlaryna ähmiýet bermändir. Işler soňlanyp, çaý-çörek edinen gazyçylar garaňky gatlyşansoň, dynç almak bilen bolupdyr. Birden şemal turup, asmana bulut gelýär. Soňra ýagyş ýagyp başlaýar, yzy gara öwrülýär. Açyk meýdanda ýatanlar ezilmejek bolup, Mergen çeltegiň çatmasyna giripdirler. Şol gije “bary bilen bazar eýläp” oňşup ýatypdyrlar. Gazyçylar gar-gaýdan aman galmagy üçin eden aladasyna Mergen çeltege elmydama alkyş aýdypdyr. Mergen çeltegiň kemally kesbi hakynda gürrüňleriň birinde, gyşyň ahyrky günlerinde öz çagalaryna agşam düýeleri ýataga salmazlygy sargaýar. Şol gijede gar ýagýar. Ertesi oýanyp görseler, düýeleriň örküji ak alaň ýaly bolup dur diýýär. Aýaly: “Seniň diýeniň edip düýeler sowukda galdy. Janawarlary üşeden bolmasak bolýar!” diýip ýangynly gürläpdir. Mergen çeltek aýalyna: “Zeýrenip oturma, bar gorküýzäňdäki ýagy synla, ýüzinde doň barmy!” diýýär. Keýwanysy duldaky gorküýzäniň ýagynyň erändigini aýdýar. Togsan dolup ýere ýyly gidende doň galmaýandygyny, ýagan garyň günortana galman ereýändigini Mergen çeltek açyk aýdypdyr. Düýeler üşemän eken, ýagan garam basym eräpdir. Mergen çeltegiň kakasy Hangeldi aga – da tüýs bir zehini daş ýarýan diýilýän adamlardan eken. Hangeldi aganyň howa ýagdaýlaryny öňünden bilşi hakynda hem käbir ýatlamalar bar.
Dowamy bar…
Toýly Hommyýew,
Magtymguly adyndaky TDU – nyň mugallymy