GENEL

Eýesiniň yzyna düşýär

«Xiaomi» kompaniýasy «Cowarobot» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ilkinji «akylly» goş çemodanyny öndürdi. Bu çemodanyň aýratynlygy eýesiniň gapdalyndan öz-özi ýöräp bilýänligindedir.

Onuň sygymy adaty ýol çemodanlaryndan uly däl. Beýleki çemodanlarda bolşy ýaly, onda-da adaty we ýokary galdyrylýan tutawaçlar bar. Ölçegleri 555x384x200 millimetr bolan çemodanyň agramy 4,5 kilogram.

Onuň tutawajynda öz eýesini tanamaga ukyply kamera oturdylypdyr. Çemodanyň hereket edip başlamagy üçin eýesi şol kamera öz ýüzüni tanatmaly.

Çemodanyň tekerleri 4 hereketlendiriji bilen işleýär. Ony zarýadlandyrmak üçin sagatda 92 wt elektrik berýän akkumulýator ýeterlik.

Related posts

Rus iş heyeti Türkmenistan’daki iş ortamını inceleyecek

Berlin’de Türkmen-Alman İş Forumu

vepa

5.Asya Oyunları 30 gün etkinlikleri büyüledi

vepa