GENEL

Dostluk sarpasy

Çyn dostlar hiç haçan, hiç bir zada çalşylmaýar. Olar hemişe bir birleriniň şatlygyna şatlanyp, gamly günlerini deň paýlaşyp bilýärler. Sylag hormatly, edep ekramly Berdiniň hem dostlugy şeýle başlanypdy.

Berdiniň heniz orta mekdepde okaýan döwründen bäri ýokary okuwa girmek höwesi uludy. Ol şeýle-de boldy. Berdiniň yhlas edip okamagy ony Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň talyby diýen ada eýe etdi. Indi oňa yhlas bilen okap göwün söýen mugallymçylyk kärini ele alaýmak galypdy. Ol obada önüp-ösensoň ilki badalar şäher durmuşyna öwrenşip bilmän ýekesiräpdi. Käteler bolsa oturyp, —Wah, haýsy kelläň bilen gaýytdyň diýsene. Meniň häzirki bolup oturşumdana obada daýhançylyk edeniňem gowudyr -diýip, içini gepledýärdi. Göz öňünde bolsa, hemişe obasy,öz mähribanlary bardy. Elbetde ol bu hala düşmese düşmezdem. Ýöne her gezek barjak ýeriniň deňesinden geçip gidýär, ýa-da ,,öňki sapar geçdim bu gezek bir geçäýmäýin” diýip, ýetmän üç dört duralga bärde düşüp kösenýän gezekleri az bolanokdy. Aýna ýaly arassa, giň ýollardan geçmekçi bolsadagy bolup durşuna nebsiň agyrýar.

Ol şeýde-şeýde ulaglaryň köplügine-de şäheriň adamlarynada öwrenşipdi.Berdiniň bulara öwrenişmegine jan dosty Nazar uly golutgy bolupdy. Berdi Nazara garanyňda daýawrakdan bugdaý reňk, gara gözli, towlanyp duran gara saçlary bolsa ony aýratyn bezeýärdi. Kän gürlemegi söýmezdi. Nazar bolsa munyň tep tersinedi. Orta boýly saryýagyz ýüzüne bolsa mydama mele saçlary seçelenip durandyr. Gürlemek gezegi gelse welin başga adam bardyram öýütmez. Şol ýarym oýun yarym çyn edip talyplary gülkä salyp otyrardy. Nazaryň bu bolşy käteler asman ýaly parahat Berdini-de gürlemäge mejbur edýärdi. ,,Nazar dostjan seniň gürläp agzyň ýadanokmaý men neme… diňläp ýadamsoň aýdaýdym gürläsiň gelse baş üstüne”-.şol gepi eşidýänçä weli onuň dek oturanyny görmersiň.

Günlerde bir gün Nazar kitapdyr depderlerine güýmenip oturan Berdiniň ýanyna gelip-

___Berdi biz çyn dostlar gerek?

___Onda-da nähili. Näme bir zada bolan däldir? Şeýdip ýaranjaňlyk etmeseňem depderimi berýänä.

___Berdi men onuň üçin gelmändim, ýaňy mugallym okuwdan soň baga barmaly diýdi welin sen maňa deregem gidip berermiň diýmäge gelipdim. Egerde işli bolsaň başga oglanlary görerin.

___Nazar senä oňaraýdyňow. Çyn dostlar şular ýaly ýerde gerek dälmi eýsem? Onsaňam seniň näme keýpiň ýokla? Arkaýyn bol işiň bitdi biläý.

___Ýaňy öýden habar geldi kakamy hassahana äkidipdirler men hem şoňa barýan. Indi gowy boldy diýselerde onda-da görmän ynjalygym boljak däl.

___Oňarýaň gidiber onsoňam meniň adymdan hem maşgalaňa salam aýt.

___Hökman…

Nazaryň kakasy uruş weteranydy. Gazaply uruş her bir ynsanda bitmejek yz goýupdy. Anna aga hem mertlerçe söweşipdi. Şol agyr söweşleriň birinde bolsa ýaralanypdy. Şol urşuň goýan yzy ony wagtal-wagtal bejergi alyp durmasa şular ýaly ýakymsyz wakalara eltýärdi.

Kakasynyň ýagdaýynyň gowudygyndan hoşlanan Nazar yzyna gaýtmakçy  boluberende. Anna aga ýuwaşlyk bilen gürläp oglunyň elinde ysgynsyz ellerini goýdy-da söze başlady.

___Oglum indi senem oglan-oglanjykdäl, tüweleme ýigit çykypsyň. Biziňem näme öňküligimiz galmandyr. Ýaşymyzyň soňunda seniň hem agalaryň ýaly gözli başly bolanyňy görsek. Onsoňam meň bi görmegeý oglumyň göwnünden turan ýekeje gyz tapylmazmy eýse—diýip, soňuny degişmä salan bolup öz göwnündäkisini ogluna birin –birin aýtdy.

___Kakamyň alada edip ýören zatlaryny,  nesip bolsa ýene iki ýyldan okuwumy tamamlap işe duraýyn onsaň onuň aladasy bilenem bolaryn. Ataly ogul biraz degişip gülüşenlerinden soň Nazar ýola düşdi.

Umumy ýaşaýyş jaýlaryna dolanyp gelende gün batyp iňrik garalypdy. Oglanlaryň biri saçak ýazsa biri naharyň taýyn bolandygyny habar berdi. Berdi Nazary keýpi kök halynda görenine  ýüzi ýagtylyp gitdi.

Nahar iýilip çaý içilensoň, beýleki oglanlar öz otaglarna gitdiler. Berdi kitap sahypalaryny sesli agdaryp oturşna Nazaryň bir zatlar diýýändigni ýanyna gelip arkasyna kakylandan soň duýdy.

___Birhilirägem boldy, men öňümizdäki synaglara taýýarlanjak bolup seni duýmandyrynda. Hawwa onsaň seň ol görmegeý diýýän ýigidiň kim bolmaly?__diýip,ýarym –ýaltak eşiden ýerlerinden sorag beren boldy.

__Berdi sen dogurdanam eşitmediňmaý. Kakam diýýän, kakam meni öýlendirmek isleýär diýýän.

___Nazar dostjan haýyş gaharlanma? Onsoňam men kakaňy iki elläp goldaýan.Olaram indi garry adamlar senide gözli başly edesleri gelýändir. Ýenede bir zat sen bulary düşinip kelläňi agyrtýançaň biraz kitap okap agyrt synaglardan üstünlikli geç, galan zady soň düşünseňem bolar.

___senä dogry aýytýan bolmagyňam ahmal. Ýöne kakam …

Tomusky synaglarada wagt azalypdy. Bu ýyl olar üçünji kursy tamamlaýardylar. Berdi ylgaşlap Nazaryň ýanyna geldi-de.

___Nazar bilýäňmi ertir biz oba gidýäris. Çagalyk dostum öýlenýär. Ýüzüme beýle sereden bolmasana senem özüm bilen alyp gitjek. Sen dälmi näme kakam meniň hem toý tutmagymy isleýär diýip diliňden düşirmeýäň. Men seni obam bilen, mähribanlarym bilen, şeýlede obamyň peri ýaly gyzlary bilen tanyşdyrjak bolýan. Ertir ugrars taýyn bol!

Mugallymdan rugsat alan dostlar tirkeşip ilkinji ugraýan ýolagçy ulag bilen ýola düşdüler. Berdi ýola düşendiklerini ejesine habar berdi. Özem ýeke däldigini dosty bilen barjakdygyny habardar etdi.

Inede berdiniň önüp ösen obasynada geldiler. Ejesi oglunyň gelenine begenip iki bolup bilmedi. Çaý, çöreklerini edinip bir özlerine gelenlerinden soň Berdi dostuny obasynyň ekin meýdanlaryna aýlamaly diýen karara geldi.

___Hany dostjan tur obamyň käbir ýerleri bilen seni tanyşdyraýyn.

___Ola hasam gowy bolardy. Ilki hol görünýän gumlardan başlaly.

Berdi çagalykda heziller edip oýnaýşyny, gumdaky bolýan täsirli wakalary aýdyp berdi. Inede ekin meýdanlary. Iki-ýeke ýerde işleşip ýören daýhanlary, ýapdan toglanyp akýan suwyň sesini bagyň kölegesinde synlap oturan Nazaryň bir zatlar  aýdasy geldi.

___Berdi seniň agraslygyň, sadalygyň, giň göwünliligiň sebäbini biläýdim öýdýän.

___Bäh,  nämemiş onsoň?

___Her bir ynsan agraslygy ene ýerden alýarmyka diýýän… hany agşam bir gelsin obaň gyzlary seniň taryp edişiň ýaly gözelmikä?

___Hiç hili şübhäň bolmasyn…

Gürlemäge höwesek Nazar okuwda bolan wakalary ýatlap iki bolup hezil edip güldiler garaz obany aýlanmak olaryň ikisinede täsirli boldy. Agşam düşüberende olar Röwşeniň toýuna gitdiler. Berdi çagalyk dostuny çyn ýürekden gutlady. Toýa berdiniň ähli oglan-gyz synypdaşlary gelipdi. Olar bilende gyzgyn görüşenden soň özleri üçin bellenen jaýa geçip oturdylar. Berdi kylasdaşlaryny görende okuwçy döwürleri göz öňünden geçip gitdi. Oglanlaryň edýän garagolluklary, mugallymyň iňirdili sözleri aý garaz şol günler şeýle bir gyzyklydy, özüne çekijidi. Ýatlamalara gark bolup oturan Berdini Nazaryň sesi özüne getirdi.

___Berdi sen nämäniň pikirini edip otyrsyňaý?

___pikir edemokla okuwçy günlerim ýadyma düşdi-de.

Onýança oturan oglanlaryň biri Berdä ýüzlenip: ,,Berdi sen bizi öz dostuň bilen tanyşdyrjak dälmi?”—diýip söz gatdy. Ol bolsa hemişekisi ýaly howlukman söze başlady.

___dostum bilen tanyşdyrsam biz talyplyk ýyllaryna bile başladyk. Indi bolsa iýenimiz aýra gidenok,__ diýip tanyşlygyň birýanyndan aýdyp başlanda Nazar howlugyp ugrady. Agzyndan alyp özi gürläberesi geldi. Ýöne ol beýitmedi. Içinden bolsa ,,Basymrak aýdaýmalydyr welin, şol çeker oturar … Tanyş boluň bu meniň dostum, ady hem Nazar. Biz bile okaýarys we bir otagda ýaşaýarys diýseň bolanydyrda. Öz ýanyndan bir zatlar samrap otyran Nazary dostunyň soňky sözleri tisgindirdi.

___Hawwa dostlar bu gelşikli ýigit yzyna boş gaýytmak üçin gelmedi. Ol kakasynyň haýyşy boýunça biziň illeriň niçik sonalarynyň bardygyny synlamaga geldi.___diýen sözlerini eşidip ýüzi gyzardy. Ol dostundan beýle söze hatda düýşinde-de garaşmaýardy. Berdi dostuna seredip assaja ýylgyryp indi gezek seniňki yzyny sen dowam et diýen yşarat etdi. Nazar ilkinji gezek köpçülikde gürleýän ýaly bolup tolgundy. ,,Bu toý iň gowy toýlaryň biri, çagalyk dostlaryň bilen bir saçakda oturmagyň özi hem uly bagt” Bolsada bu sözleri Nazar jemläp aýdyp bilipdi. Toýuň bolsa şowhuny artyp hasda gyzyşypdy. Tanys meýdançasynda tans oýnaýan toý märekesi toýuň aýratyn bezegidi. Toý sebäpkärleri öz orunlarynda otyrdylar. Nazaryň gözi az salymlyk olarda eglendi. Tanys meýdany Röwşeniň synpdaşlary üçin giňeldildi. Bagşynyň joşup aýdýan aýdymyna  synpdaş oglanlar hersi bir ýandan tanys oýnap başladylar. Berdi Nazaryň elinden tutup tansa çykardy. Alçak Nazar tansa gezek gelende gyrada durup el çarpyp gollaýmasa känbir ugry ýokdy. Berdi onuň bu hereketine belet bolansoň özi hezil edip tans oýnady. Saz gutardy toý märekesi biraz yza çekildi Nazarda olar bilen gyra çykmak isläp yzyna öwürlenem şoldy,,Bagyşlaň”_diýen sese tarap gaňrylyp seretdi.

___Siz berdiniň dosty dälmi ol ýaňy tanys oýnanynda bu ondan gaçaýdy öýdýän özünede seslendim ýöne duýmady menem onsaň yzyndan gitmäni birhili gördim siz beräýiň.

___Hany göreýin hä dogrudanam bu Berdiniň telefony. Men muny oňa hökman gowşuraryn. Berdi obasynyň gyzlarynyň owadandygy barada aýdypdy ýöne beýle aladaçyldygy barada dil ýarmandy. Gyz ýylgyryp joralarynyň ýanyna gitdi. Şondan soň Nazar ol gyzdan gözüni aýyrmady. Inçeden uzyn boýly, lowurdap duran gara gözli, köýneginiň ýeňdir ýakasy keşdelenen başy gyrmyzy ýaglykly gyzy bir salym gözünden ýitirse derrew gözläp tapýardy. Ol içini gepletdi ,,şeýle owadan gyzy görmeýşimi diýsene?! Berdiň jany sag bolsun, ol telefonuny gaçyrmadyk bolsady asla görmezdimem… ol şeýlebir owadan tans edýär weli bir örülip arka goýberilen nogta ýaly saçlary bir ýerde duranok… onuň bilen ýenede birje gezek  gürleşip bolmazmyka… ony men…”

___Nazar niredaý? Hälden bäri men seni gözläp ýörün ahyry. Toýam ahyrlady biz ertir ir turmaly bolarys öýe gidip arkaýynja ýatyp dynjymyzy alaly.__ Nazar duýgularyny bölendigine gahar edýän äheňde gürläp başlady.

___Meniňä giden ýerim ýokla, duran ýerim. Borla gaýtmaly bolsa gaýdaýarys onsaňam hol gyzy ýadyňda bek belle…

___Näme üçin?

___soň aýdaryn.

Nazaryň bolşuny aňlamadyk Berdi borla näme bolanam bolsa ertire deňiç aýdar diýip arkaýyn boldy. Toý ýerindäkiler bilen hoşlaşykdan soň Berdilere gaýtdylar. Ýolda Nazar saklanyp bilmän söze başlady.

___Toý hezil boldy. Toý göresiň gelse oba gaýdaýmaly ekeni.

___Dagy näme.. eýwaý, Nazar ..meniň telefonum nirede galdyka?!

___bolsada ahyry soňunda ýadyňa düşdow. Häli özüň dälmi näme maňa saklasana diýip beren.

___Nazar oýnuňy besetsene nireden tapan bolsaň beräý yzyna.

___hälki gyzyň kimdigini aýt bereýin.

___haýsy?…hä Aýjemalmy ony näme üçin soradyň ýa aşykdagyn bolaýdyňmy?

___aý, ýokla edil beýlehä däl. Ýöne sag bol seniň böküp, pyrlanyp tanys etmeleriň bizi tanyşdyrdy.

___Ýeri bärde meniň tansymyň näme dahyly bar. Ýaňsylap durmada düşnükliräk aýtsaň menem düşünsem.

___Aýtsam dost seniň telefonuňy gaçyranyňy görüp maňa getirip berdi.

oglanlar daňyň ataryna mähetdel yzlaryna paýtagta dolanyp geldiler. Ýekşenbe bolansoň ähli talyplar diýen ýaly umumy ýaşaýyş jaýyndadylar. Olaryň obadan toýdan gelendiklerni aňan birnäçe oglanlar sorag baryny berdiler. Nazaryň gyzykly gürrüňlerine garaşdylar. Biri bolsa:,,Näme Nazar gürläňokla janyň sagmy…?” Toýda ýadapdyryn, ukym gelýär bahanasy bilen Nazar geçip ýatmak isledi.Ýöne ýatyp bilmedi sebäbi ol nehä ýadawdy nede bir ukusy gelýärdi. ,,Aýjemal diýsene aý diýseň aý”

Tomusky synaglardan üstünlikli geçen dostlaryň keýpileri kökdi. Olaryň hersi öýli öýlerne gaýtmakçy bolup goşlarny düwdiler. Nazar birhili keýpsizdi. Ýüzüni aşak sallap otyrdy. Dostuna dözmedik Berdi habar gatdy.

____Ýerow… görmegeý ýigit öýüňe gaýytýanyňa begeneňokmy?

____Heý, oňada begenmerinmi. Ýöne senden we başgalaryndan aýrylýandygyma biraz gynanýan. Tapan bahanalaryny az görýän ýaly ýenede bahana agtardy.

___Berdi dostjan birhili kelläm agyrýalaý birsalymdan aýrylarla…

Dostunyň kellesiniň agyrmaýandygyny aňyrýany bilen bilýän Berdi.” Belki men seniň agyryňa derman tapyp bilerin seni öz obamyza äkideýinmi?” diýesi gelsede diýmedi. Aşa söz gatsa dostunyň göwnine degerin gorkusy bilen oňa göräräk boldy. Nazaryň göwni bolsa diňe Aýjemal diýip urýardy. Ol ony düşinmeýän güni ýokdy. Her gün hasda göresi geldi. Onuň bilen birje gezek görşüp bilse ondan bagtly adam boljak däldi. Berdi Nazaryň arkasyna bakyp birzatlara güýmenýänini görüp saklanyp bilmedi.

__Nazarjan näme okuw tamamlanandan soň hat ýazmak höwesi döredimi?

___Ýokla men ýöne …

Nazar daşary çykyp gitdi. Stoluň üstündäki kitapdyr depderlerni tertipsiz goýanlygy üçin Berdi stoluň çekerinde galan kagyzlarny alandan soň gatyrak itip goýberdi welin, bar kitaplar ýere gaçdy. Berdi eden işinden münürgäp Nazaryň gelmezinden öň tertiplemäge  girişdi. Dostunyň ýazyp soňundan hem üstini çyzan haty öňünden çykdy. ,,Barybir üsti çyzylypdyr gerekli däl bolmaly, okaýamda-da gelşiksiz bolasy ýokla”__ diýip, haty okamaga başlady. Hatda şeýle sözler bardy. ,, Nazar samsyklygňy goý, sen ony diňe birje gezek  göreniňde söýäýmelimi…? ýeri sen söýüpsiňemdä gyzyň ýüreginde başgasy bar bolsa…? belkide şeýle bolaýsa…? ýokla Aýjemalym diňe meniňki bolmaly diňe…! Men ony ýatlaman gezip bilemok her gün irden turanymda nurana ýüzli aý jemalyny görerin diýip oýanýan. Ýatamda bolsa düýş bolup gelmegini isleýän ýöne men ony diňe hyýalymda janlandyryp bilýän… “

Dostunyň düşen halyna ýüregi gyýylan Berdi birzatlar edip bu ikisini duşuşdyrmagyň  pikirni etdi. Birdenkä howlukmaç jigisi Bahara jaň etdi.

___Alo! Bahar jigimjan gowumy ýagdaýlaryňyz ejemiňem ýagdaýlary gowudyrla?

___Hawwala ejemem seniň öýe gelmeli güniňi sanapjyk otyr. Dogrudanam sen haçan gelýäň eýýäm ýoldamyň ýa?

___ Jigimjan sen meni gowja edip diňle sen hemişe maňa meni şäheri gezdireňok diýip igenýärdiňä ine şol bagtly gün geldi. Özem ýeke däl goňşy gyz Aýjemalam alyp gel ikiňizede paýtagtyň gözelligni görkezeýin.

____Seniň çynyňmy. Ýöne Aýjemal gidermikä. Meni ejemiň goýberjegi bellimi onsaň.

___Ejemi özim yraryn bar, ylga Aýjemaly yrmaga çalyş. Hä onsaňam meniň özüm siziň öňüňizden çykaryn. Ýene-de Aýjemal gelmese seni soň özüm alyp gaýdarn. Gowja düşündiň gerek?

Telefonuny öçürerine mähetdel Nazar gapydan girdi.

___kimdi?

___Jigim meni şähere aýlajak diýip, aýlamadyň diýdi men hem ony bu gün bärik çagyrdym.

___Oňarypsyňda. Aýlanmaly görmeli.

___ Men seniňem bile aýlanmagyňy isleýän Nazar.

___Alo! Berdi neme Aýjemal razy biz şähere häzir ugrasak gün ýaşan çagydagyn bararys.

___Senä gowy habar aýtdyň Baharjan sagbol. Senden tamamam şeýledi.

___Nazar seniň kelle agyryňa derman tapdym.

___Seň ol derman diýýäniň içmeli bolsa ha beribem oturma bary bilen haýry degenok.

___Ýokla beýle zat däl sen agşam meni we jigimi aýlamaga boýun bol şonda aýrylar.

Nazar her hili bahana tapsada Berdem el çeker ýaly däldi. Bolmajakdygna göz ýetiren Nazar ahyry boýun boldy. Bu iki dost ulaglaryň durýan ýerine geldiler. Biraz garaşanlaryndan soň gelip duran ýolagçy ulagdan böküp Bahar düşdi. Berdi garanjaklap duran Nazara seslendi ,,Geldiler”. Nazar ýalta bakdy gözlerine ynanmady. Sebäbi Nazaryň aýlarça aý jemalyny görmäge zar Aýjemaly göni özüne tarap ýylgyryp gelýärdi. Begenjinden ýaňa Nazar näme diýjegini bilmän ahyry şuny aýtdy,, Berdi seret meniň Aýjemalym gelýär…” bular paýtagtyň gözel ýerlerine aýlandylar. Nazar Aýjemal bilen öňüräkde ýöräp barýardylar.

___Aýjemal bilýäňmi näme men seni şol toýda görenim bäri unudyp bilemok. Hemişe seniň keşbiňi gözläp gezdim nesibeli gün barmyş diýmek. Berdi diňe jigim gelýär diýipdi ýöne sen hem ýany bilen gaýdyp oňarypsyň.

___men bolsa özümiň eden hereketimi ýalňyş düşünen däldirdä hernä diýip ýaşadym. Men Berdini öz doganym ýaly görýärin. Bahar maňa doganym Aýjemaly alman gelme diýende seniň pikiriňdir diýdim.

___ “Aýjemal gör men nähili bagtly mende janajan çyn dostum bar. Meniň asla bu bolanlardan hiç hili habarym ýokdy hemmesini Berdi gurnapdyr” diýdide Berdiniň ýanlaryna ýakynlaşaryna garaşdy.

___Sagbol dostjan sen ýene bir ýola çyn dostlygňy subut etdiň. Onsaňam meniň Aýjemaly göresim gelýändigini nireden bildiň.

___Aý o bir kyn dälle seniň bilen bir otagda ýataýmaly. Sen uzak gije ýatyrmasaň näme şol samrap ýatyrsyňa. Indi kelle agyryň nähili ýagşymy henizem agyrýan bolsa onda içilýän bir derman tapmaly bolarow.

___Ýok sagbol seniň bu eden dermanyň meniň näçe aýlap çeken derdime derman boldy.

Nazaryň gözünde uçganaklaýan bagty diýsene. Ol şeýlebir  şadyýandy indi öňki kellesi mydam agyrýan Nazardan nam nyşan ýokdy.

Nurşat Narlyýewa

Žurnalist

 

Ýene-de okaň

Bakan Bayraktar İstanbul Energy Forum’da Türkmenistan Devlet Bakanı Maksat Babayev ile görüştü

Türkmenistan’da dünyanın en büyük sahasında yeni doğalgaz akımı alındı

Fitch Ratings Türkmenistan’ın kredi notunu arttırdı

Türkmen gençler Çin ve Macaristan’a üniversite eğitimine gönderilecek

Aşkabat Türk İhraç Ürünleri Fuarı’na hazırlanıyor

Özbekistan Türkmenistan’da iyot üretimine yatırım yapacak