DÜNYA

Dost-doganlyk owazlary ýaňlandy

Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmeginiň 96 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet ministrlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzda ýerleşýän Magtymguly adyndaky milli- sazly drama teatrynda bugün konsert geçirildi. Konsertde Türkiýe döwletiniň sungat ussatlary sopranoda Filiz Güneş, tenorda Oğuz Çimen, pianinoda Tugçe Doruk we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş etdiler. Konsertiň ilkinji ýaňlanan owazy Resul Gylyjowyň sazandarlyk etmeginde belli meşhur kompozitorymyz Daňatar Öwezowyň "Aýna" atly sazy ýaňlandy. Soňra bolsa, Filiz Güneşiň ýerine ýetirmeginde fransuz operasyna tomaşa etdik. Yzy bilen, türkmen halkynyň söýgüli kompozitory, taryhda adyny altyn harplar bilen yz galdyran Nury Halmammedowyň "Nar agajy" sazy simfoniki orkestrymyz tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, türk doganlarymyzyň saz sungatyndaky meşhur aýdymlar opera bolup tomaşaçylaryň gyzyklanmasyna eýe boldy. Konsertiň soňunda bolsa, türkiýeli sungat ussatlary Nury Halmämmedowyň meşhur sazlary bolan "Aşgabat" we "Türkmen sährasy" sazlaryna düzülen aýdymlaryny şirin owaz bilen ýaňlandyryp jemlediler. Türkmen halkynyň meşhur aýymydyr, sazynyň goňşy döwletlerimiziň medeniýetinde diňlemek buýsanç beriji bolsa gerek.

Ýene-de okaň

İran Büyükelçisi: İran, Türkmenistan’ın Uluslararası Barış Girişimlerini Destekliyor

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 18 yaş altı kişilerin pamuk işinde çalışmasına yönelik hukuki kısıtlama güçlendirildi

Ata Watan Eserleri

Orta Asya ve AB ülkeleri dışişleri bakan yardımcılarının toplantısı yapıldı

Büyükelçi Demirok: Türkmenistan gazı 1 Mart’tan itibaren Türkiye’ye gelecek

Ata Watan Eserleri

Dünyanın En İyi Türk Üniversiteleri: Türkmenistan’da Diploması Tanınanlar

Ata Watan Eserleri

Kazakistan Cumhurbaşkanı, Türkmenistan Dışişleri Bakanı ile Görüştü