Bir gezek bazara gitdim. Ol ýerden gerek-ýaraklarymy alyp bolanymdan soňra, öýe jaň etjek bolanymda el telefonymyň ýokdugyny bildim. Ony entek alanyma köp wagt hem geçmändi, täzejedi. Täzejeligem hiçle, onuň içinde durmuşymyň iň ýakymly pursatlaryny ýatladýan suratlarymyň ýitip gitjekligine gynandym. Birhili aljyradym. Gaçyrdymmykam ýa-da haryt alan dükanlarymyň birinde goýdummykam!? Aýlanan dükanlaryma yzyma baryp soraşdyraýyn diýen karara geldim-de, ýolugra 3-4 adamdandagy dagy öz belgime jaň edip gördüm. Hiç kim jogap berenok. Halys yzyma aýlanybam ýadadym. Iň soňunda „aý nebisäm däldir“ diýdim-de çykalga tarap ýöneldim. Şol ýerde-de çaga geýimleri dükana girenim ýadyma düşüp, o dükana bardymda ýitgimi aýtdym, satyjy telefony ýaňyrak görendigini, alyjylar bilen galdyryp gidilendigini-de görmändigini, şeýle köp alyjylaryň arasynda el-ýüzde duran telefonyň şol duran ýerinde durandygyna özi hem haýran galmak bilen gürrüň berdi. Men oňa öz minnetdarlygymy bildirip, begenjimden öýe jan etdimde arkaýynlyk bilen gaýdyp barýardym. Ýolda maňa nätanyş belgilerden yzygiderli jaň gelip başlady. Alsam: „salam şu telefony bir gelin ýitiripdir, kyn görmeseňiz eýesine gowşuraýyň ýaňyrak menden jaň etdi“ diýdi. Menem oňa telefony tapandygymy aýtdymda, aladasy üçin sagbolsun aýdyp goýdum, az salymdan ýene-de edil şonuň ýaly jaňlaryň ikisi geldi. Şondan soňra kalbymy şeýle ýakymly duýgular gaplap aldy. Tanamaýan adamlaryň seniň üçin elinden gelen ýagşylygy etjek bolýandygyna guwandym. Aslynda, biz pikirem edemzok kiçijek bolsada, elimizden gelýän ýagşylygy etsek, bir adamy bagtly edip, al-asmanda pel-pelletjedigini. Ýol boýy şeýle ýagşy niýetli adamlaryň bardygyna begenip, Aşgabadyň gözel binalaryny synlap öýe geldim. Ýadawlygymam el bilen aýrylan ýaly bolaýdy. Dünýämizi ýagşy niýetli, ýagşy häsiýetli adamlar bezesin.
***
Bir gezek ýarawsyzlygym sebäpli anyklaýyş merkezine bardym. Ol gün ähli barlag geçirilýän otaglaryň öňi nobatlydy. Men bolsa şol gün ýarawsyz barypdym. Onda-da, nobat nobat bolýar. Garaşaýmaly. Biraz salym duranymdan soň, öň bir ýerde işlän tanyşlarymyň biri geldi. Onuň bilen gadyrly salamlaşdym, ol hem meniň bilen şeýle. Men oňa bu gün nobat köp eken diýenim hem şoldy weli, derrew öwünmeklige başlady. Onuň bu ýere kän gelýändigini, bu ýerde işleýän lukmanlaryň biriniň obadaşydygyny, biriniň ejesiniň jorasydygyny, biriniň bolsa ýakyn garyndaşydygyny illere eşitdirjek bolýan ýaly edip, sesin hasda batlandyryp gürläp başlady. Meniň hem nobatym gelipdi. Onýança derrew lukmandan bir zat sorap çykjak, barlag etdirjek däl diýdi-de nobata duranlardan rugsat alyp girdi. Bir girensoň çykar ýerde çykmady. Ep-esli wagt eglendi. Soň çykdy-da hiç zat bolmadyk ýaly, hiç kime-de seretmän çykyp gitdi. Lukman bolsa günortanlyk bolandygyny, arakesme etjekdigini aýtdy. Meniň bolsa ondan artyk garaşmaga ýagdaýym ýokdy, aňyrrakda duran ýaşy ulurak adam lukman gyzym şujagaz gelni barlag edip, onsaň çykaýyň arakesmä biz garaşaýarys diýdi. Ol gün barlagdan geçip, lukmana gerekli bejergileri belledip gaýtdym. Käwagt durmuşda duz-emek bolup ýören adamlaryňdan, öň bir gezek salamlaşmadyk, bir gezek-de didarlaşmadyk adamlaryň saňa has ýakyn bolýan ýerlerine gabat gelinýär.
Gülälek Ýüzbaşyýewa
Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin
“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==