GENEL

Mawy Kenar : Maksadymyz ýurdumyzyň ekologiýasyny arassa saklamaga goşant goşmak

Paýtagtymyzda  “Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2019” atly 24-nji halkara maslahaty mynasybetli sergä gatnaşan “Mawy Kenar” bilelikdäki kärhananyň wekili Muhammetguly Baýramow şeýle diýdi:

– Biziň bu kompaniýamyzy esaslandyryjylar “Gazyk” hususy kärhanasy, “Hazar Balyk” hojalyk jemgyýeti, we Kanadanyň  “Benel” tehnika kompaniýasy bolup durýar. Biziň esasy edýän işimiz ýurdumyzyň ekologiýasyny arassa saklamakdyr. Biziň häzirki ilkinji taslamamyz bolsa, Hazarýaka kenarlarynyň nebit bilen hapalanan topragyny arassalamak. Biz Türkmenistanda eýýäm ikinji sergimize gatnaşýarys. Birinjisi “Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler” atly sergisi boldy. Ikinji bolsa, “Türkmenistanyň nebiti we gazy”sergisi.   Biziň “Türkmen Nebit” bilen 15 ýyl möhlet bilen baglaşylan  şertnamamyz bar. Biziň öňde goýan maksatlarymyz Türkmenistanyň çägindäki meýdandyr, topraklaryny arassa saklamak. Serginiň dowamynda biz bilen birnäçe daşary ýurt kompaniýalar bilen duşuşyk geçirdik. Beýleki kompaniýalar bilen hem ýeneki ýyllarda işleşmegi maksat edinýäris. Şereketimiziň “Mawy kenar” ady hem biziň Hazar deňzimiziň mawysy bolup durýar.  Ýagny, Hazarýaka kenarlarynyň arassaçylygyny saklamak biziň borjumyzdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan, Çin’e doğalgaz sevkiyatını artırmayı hedefliyor

“Türkmengaz” ve CNPC, “Galkınış” yatağının geliştirilmesinde dördüncü Aşama için sözleşme imzaladı

Türkmenistan ile Çin sağlık işbirliği arttırıyor

Türkmen-Çin geleneksel Çin tıbbı merkezinin kurulmasına ilişkin mutabakat Zaptı mzalandı

Türkmen halkının Milli Lideri Çin Başbakan Yardımcısı Ding Xuexiang ile görüştü

Ogulcahan Atabayeva Pekin Çin Tıbbı Üniversitesi Rektörü ile görüştü