GENEL

Rönesans : Türkmenistanda birnäçe taslamalary amala aşyrdyk

Şugün paýtagtymyzda  “Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2019” atly 24-nji halkara maslahaty mynasybetli sergi geçirildi. Biz hem şol sergä gatnaşyp birnäçe kompaniýanyň wekili bilen söhbetdeşlik geçirdik. Ilkinji söhbetdeşimiz “Rönesans endüstri tesisleri” şereketiniň işgäri Maksat Garaýew bize şeýle gürrüň berdi :

-Biziň bu şereketimiz 1993-nji ýyldan bäri işläp gelýär.  Jemi 20-den gowrak döwletlerde maýa goýum we gurlyşyk taslamalary amala aşyrdyk. Türkmenistanda hem onlarça taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdyk. Şu ýyl gurlup, ullanmaga berlen, ekologiýa taýdan arassa ECO-93 benzini  öndürýän Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygyna kompaniýamyz hem gatnaşdy. Häzirki wagtda bolsa, ýurdumyzyň Lebap welaýatynda “Zerger” gazturbina elektrostansiýasyny gurluşygyny amala aşyrýarys. Şeýle hem, Aşgabat şäherinde  döwrabap myhmanhananyň gurluşygy dowam edýär. Mundan öňem biz öz şereketimiz bilen Türkmenistanda geçirilen birnäçe sergilere uly höwes bilen gatnaşýarys we çykyş edip gelýäris.

Ýene-de okaň

Özbekistan Dışişleri Bakanı Bahtiyor Saidov Aşkabat’a geldi

Türkmenistan’da 6 ayda 39,1 milyar metreküp doğal gaz üretildi

Türkmenistan uluslararası zirvelere ve toplantılara hazırlanıyor

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, Katar Emiri’ne taziye mesajı gönderdi

Azerbaycan ve Türkmenistan ikili İş Konseyi kurulmasını görüştü

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Azerbaycan Ekonomi Bakanı ile görüştü