Hytaýyň «PetroChina» nebitgaz kompaniýasy ýurduň günorta-gündogar böleginde düzüminde 1 milliard tonna nebit bolan täze käniň üstünden bardy. Bu barada «Kapital.kz» neşiri habar berýär.
Aýdylyşyna görä, täze nebit ýatagy Gansu welaýatynyň Ordos diýilýän ýerinden tapylypdyr. Kompaniýanyň maglumatynda: «Bu ýerde 358 million tonna nebitiň bardygy anyklanyldy, ýöne heniz ýetilmedik çäklerde 700 million tonna, hatda 1 milliard tonna çenli nebitiň bardygy çaklanylýar» diýlip aýdylýar.
Eger bu çaklamalar dogry çyksa, Ordosdaky nebit ýatagy dünýädäki iň uly känleriň 100-ligine girip biler. Häzirki döwürde iň uly käniň Saud Arabystanyndadygyny, «Al-Gawar» diýlip atlandyrylýan bu kände 12 milliard tonna nebitiň bardygyny maglumat hökmünde ýetirýäris. Russiýaky iň uly kän bolan Samoatlar käninde bolsa, takmynan, 7 milliard tonna nebit bar.
«PetroChina» ýakynda Hytaýyň Siçuan welaýatynda 1 milliard tonnalyk gaz käniniň hem üstünden bardy.