DÜNYA

Saud Arabystanynda zenanlar hem harby gulluk edip biler

Saud Arabystanynyň hökümeti taryhda ilkinji gezek zenanlara hem goşunda gulluk etmek hukugyny berdi. Bu barada ýurduň «Aş-Şark al-aswat» neşiri habar berýär.

Habarda beýan edilişine görä, mundan beýläk goşunda gulluk etmäge isleg bildiren zenanlar ýönekeý esgerlikden başlap, harby gullukdaky ähli derejelere çenli göterilip bilerler. Edil erkekler ýaly, olara-da ýurtdaky ähli harby atlar gowşurylar.

Ýurduň generallarynyň biri Hasan aş-Haşriniň aýtmagyna görä, zenanlaryň harby gulluga çagyrylmagy dogry ädimdir. Onuň aýdyşy ýaly, Saud Arabystanynyň goşunynda zenanlara hem iş ýeterlik.

Related posts

Ýaş Mugallymlarynyň Sazly Konserti

vepa

Afganistan’a komşu ülkelerin dışişleri bakanları bir araya geldi

Türkmenistan, Çin seferlerini durdurdu

vepa