GENEL

Türkmenistan Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar

Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly dabaralara beslendi. Paýtagtymyz Aşgabadyň merkezindäki ýurdumyzyň baş meýdanynda Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralar geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Sagat 10.0-da hormatly Prezidentimiziň döwlet münberine gelmegi bilen dabaralar başlandy. Ilki bilen harby ýöriş guraldy. Oňa harby gullukçylar hem-de ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, Milli goşunymyzyň esgerleri hem-de serkerdeleri gatnaşdy. Döwrebap harby tehnikalaryň gözden geçirilişi boldy.

Baýramçylyk ýörişi asmanda dowam etdirildi. Ýurdumyzyň Harby howa güýçleriniň uçarmanlary dikuçarlar, uçarlar bilen baýramçylyk dabarasyna aýratyn bezeg berdiler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby orkestriniň joşgunly çykyşy baş baýramyň hormatyna guralan harby ýörişiň jemledi

Ýene-de okaň

Türkmenistan’ın 2025 yılı değerlendirildi: Cumhurbaşkanı’ndan 15 yurtdışı ziyareti

Türkmenistan’da yeni Milli Güvenlik Bakanı atandı

Türkmenistan Hükümetinde kapsamlı Kabine revizyonu

Türkmenistan’da 2026 yılında 3 milyon fidan toprakla buluşacak

Türkmenistan ekonomisinde istikrarlı büyüme

“Karabağ” ve “Ahal-Teke” atları üzerine işbirliği görüşüldü