GENEL

Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministriniň Türkmenistana sapary

2019-njy ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, Döwlet ministri Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdulaziz Al Saudyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar.

Şu gün, 11-nji sentýabrda ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň energetika, himiýa senagaty, söwda, bilim, medeniýet we sport ulgamlary boýunça derwaýys meseleler hakynda gürrüň etdiler. Döwletleriň ikisiniň hem hökümetleriniň iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändikleri bellenilip geçildi. Myhman sebitleýin energetiki howpsuzlygynyň we ykdysady integrasiýasynyň saklanylmagynda Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornunyny aýratyn nygtady. 

Günüň ikinji ýarymynda Emir Turki bin Muhammed bin Fahad bin Abdulaziz Al Saud Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen bir hatarda syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Taraplar häzirki zamanyň derwaýys meseleleri babatynda nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini nygtamak bilen, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine ynam bildirdiler.

Syýasy geňeşmeleri geçirmegiň we iki ýurduň dürli derejelerdäki wekiliýetleriniň saparynyň guralmagynyň möhüm ähmiýeti bellenilip geçildi. Taraplar şeýle hem nebitgaz, dokma we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygyň has hem pugtalandyrylmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy hakynda gürrüň etdiler.  

Ýene-de okaň

Çin Büyükelçi: Ahalteke atı, Türkmen ve Çin dostluğunun parlak bir sembolüdür

Çin Büyükelçisi: Çin Türkmenistan’ın 14 yıldır en büyük doğalgaz ithalatçısı

Türkmenistan’ın AB ülkeleriyle ticaret hacmi 2,1 milyar dolar olarak gerçekleşti

Arakçi, İran vatandaşlarının tahliyesindeki yardımları ve insani destekleri için Türkmenistan’a teşekkür etti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Eğitim Bakanı, Paris’te GEM 2026 raporu tanıtım törenine katıldı

Türkmenistan Eğitim Bakanı, UNESCO Eğitimden Sorumlu Genel Direktör Yardımcısı ile görüştü