GENEL

Prezidentiň ilkinji ulagy satuwa çykaryldy

Türkiýäniň dokuzynjy Prezidenti Süleýman Demireliň ilkinji ulanan, 1969-njy ýylda öndürilen ulagy Nigde şäherinde 110 müň türk lirasyna satuwa çykaryldy. 51 AL 460 döwlet belgili bu ulag indi 25 ýyl bäri Nigde şäherinde saklanylýar.

Nusgawy awtoulaglaryň söwdasy bilen meşgullanýan Burak Abidin Aksoý ulagyň bu şäherde ýaşaýan bir işewüriň öýünde saklanýandygyny, indi bolsa onuň satuwa çykaryandygyny aýdýar. Ulagy görüp onuň üstünde surata düşmegi arzuw eden işewür şeýle gürrüň berýär: «Ulagyň ähli şaýlary zawoddan çykyşy ýaly. Olar asla zaýalanmandyr diýen ýaly. Onuň Türkiýäniň ozalky Prezidenti Süleýman Demireliň ulagydyny bilip, köp adam surata düşmek isleýär. Ýakynda bolsa has bagtly biri bu ulagy hemişelik özüne ediner».

Ýene-de okaň

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, Esvatini Kralı ile görüştü

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan, Kuveyt’e enerji ve ulaştırma projelerinde iş birliği teklif etti

BM Genel Kurulu: Türkmenistan Cumhurbaşkanı yeni inisiyatifleri önerdi

Türkmenistan Devlet Başkanı BM Genel Sekreteri Antonio Guterres ile Görüştü

Pakistan, Türkmen öğrencilere burs vermeye hazır

Pakistan, Türkmenistan ile doğrudan hava seferlerinin yeniden başlatılmasını teklif ediyor