DÜNYA

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenstandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) hanym Mýuriel Peneweýreniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.  

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar ýokary derejedäki saparlaryň guralmagy we syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi arkaly Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna hem seredip geçdiler. Iki ýurduň bitaraplyk derejeleriniň nazarda tutulmagy bilen halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan netijeli özarahereketler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm düzüm bölegi bolan ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda, hususan-da suw serişdeleriniň dolandyrylyşy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.    

Soňra hanym Mýuriel Peneweýre Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. 

Saparynyň çäklerinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenstandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Mýuriel Peneweýre Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar.

Ýene-de okaň

ALSA Tarafından Başarıyla Düzenlenen Etkinlik: LL.M. Kariyerleri ve J.D. Geçiş Paneli Büyük İlgi Gördü

Ata Watan Eserleri

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak