Bu meselä türkmen ylmynda ilkinji bolup üns beren zehinli arapşynas alym N.B.Halymow (1942–2005) bolupdy [12,C.19–24]. Ýöne ol ony san taýdan hem, hronologik jähtden hem doly beýan etmändir. Sargyt boýunça özlerine gerek bolan kitaplary döretmek oguz-türkmen durmuşynda olaryň taryhy we medeni ösüşleri bilen baglylykda yslamdan öňki döwürde başlanypdyr.
1 „Nirwanasutra”. Bu kitap oguz dilinde VI asyryň ikinji ýarymynda döredilipdir. 552-nji ýylda Beýik Oguz çarwa imperiýasy esaslandyrlandan biraz wagt geçenden soň, onuň döwlet dinini resmi ýagdaýda kabul etmeli bolupdur. Şol döwürde Gündogarda buddizm giň ýaýran hem baý edebiýatly din bolup, onuň täsiri dürli halklara we ýurtlara uly bolupdyr. Oguz hany Taspar hem ony öz döwletiniň resmi dini hökmünde kabul etmek üçin onuň mukaddes kitaplary bilen tanyşmak isläpdir. Bu barada meşhur nemis türkşynas alymy A.fon Gaben (1891–1993) şeýle diýip ýazypdyr: „Gök türkleriň kagany Tobo ýa-da Taspar (571–581) buddizm bilen gyzyklanyp, özüne Demirgazyk Hytaýdan bu dine degişli eserleri getirip bermeklerini buýrupdyr. Oňa „Nirwanasutra” atly kitaby oguz diline terjime edip gowşurypdyrlar. Şeýlelikde, biz hat-ýazuwyň gök türklerde has irki döwürlerden bäri ulanylyp gelendigini bilýäris. Gynansak-da, oguz dilindäki bu eser saklanyp galmandyr we biz onuň haýsy elipbiý bilen göçürlendigini bilmeýäris” [18, S.178–179]. Emma Taspar hana ýakyn döwlet adamlary, serkerdebaşylary eger-de bu din ýurdumyzda kabul ediläýse, onda onuň oguzlaryň harby we gahrymançylyk häsiýetlerine ýaramaz täsir etjekdigini aýdyp, ony bu meýlinden ýüz öwürdipdirler [5,55].
2 „Syýasat nama”. Aradan bäş asyr geçenden soň, türkmenleriň ýörite tabşyryk bilen ýazdyran ikinji kitaby beýik soltan Mälikşanyň Seljuk imperiýasyny dolandyrmak boýunça öňde goýan talapnamasy esasynda 1091-nji ýylda döredilipdir. Seljuk döwletiniň Baş weziri Nyzam al-Mülküň „Syýasat-nama” atly kitabynyň başynda bu barada aşakdaky yg-tybarly maglumat berilýär: „Mälik şanyň kitaphanasynyň kitap göçürijisi, hatdat Muhammet Magribi şeýle diýýär: „Syýasat namanyň” ýazylmagynyň sebäpleri aşakdaky ýagdaýlar bilen bagly boldy: dindarlary [ynamdar hökümdary, bagtyýar soltan Muhammediň ogly Abul-l-Fath Mälikşa–goý Allatagala onuň mazaryna nuryny saçsyn–484/1091-nji ýyl-da käbir döwlet adamlaryna, gojalara we akyldarlara buýruk berdi: „Goý, siziň her biriňiz döwletimiz hakda oýlansyn; ony sýnlap. biziň asyrymyzda nähili ýaramaz zatlaryň bolup geçýändigine göz ýetirsin, köşgümizde, diwanhanamyzda, döwlet derejesinde geçirilýän kabul edişliklerimizde, ýygnaklarymyzda olardan haýsylary ýerine ýetirilýär. Nähili zatlar bize gizlin bolup galýar, öňki döwrüň hökümdarlary nähili wezipeleri alyp barypdyrlar we olary nähili ýerine ýetiripdirler, döwlete we Seljuklaryň patyşalygyna näme zatlar degişli, bu meselelerden netije çykarar ýaly ähli zatlary ýazyp, biziň garamagymyza beriň. Mundan beýläk dini we dünýewi işler öz düzgünleri boýunça doly berjaý ediler ýaly, her bir adam öz wezipe borjuny doly ýerine ýetirer ýaly we ahli ýaramaz zatlary ortadan aýrar ýaly, biz olary ýeterlik drejede seljerip öwreneris we bu mesele boýunça öz permanymyzy çykararys. Şan-şöhratly we ähli zatlara erk ediji Alla, nazaryny bize öwrüp, duşmanlardan üstün çykaryp, bu dünýäni bize mynasyp gördi. Şonuň üçin biziň döwletimizde hiç hili nogsan-lyklara ýol berilmeli däldir, wezipeler ýaramaz berjaý edilmeli däldir ýa-da hiç zat bizden gizlin bolup galmaly däldir” [8,S.7]. Bu bäsdeşlige döwletiň wezirleri Nyzam al-Mülk, Şerep al-Mülk, Täç al-Mülk, Mej al-Mülk we beýleki jogapkärli tanymal adamlar gatnaşypdyrlar. Netijede soltan Mälikşanyň yhlasy we tagallasy bilen döwleti dolandyrmak bo-bunça dýnýa belli ajaýyp taryhy eser döredilipdir.
Dr. Almaz Ýazberdiýewiň “Oguzlaryň-türkmenleriň sargyt bilen ýazdyran kitaplary” atly makalasynyň dowamyny ýakyn günlerde neşir ederis.
* Bu Mälikşanyň kitaphanasy barada çeşmelerde az duş gelýän maglumatlaryň biridir.