Koreýa Respublikasynyň hünärmenleriniň geçiren hasaplamalaryna görä, olaryň döwleti nebiti gaýtadan işlemekde dünýäde bäşinji orunda. Maglumatlara görä, 2018-nji ýylda ýurtda bir gije-gündizde 3 million 346 müň barrel nebit gaýtadan işlenipdir.
Sanawdaky ilkinji bäşlik şeýle:
1. ABŞ, bir gije-gündizde 18,76 million barrel.
2. Hytaý, bir gije-gündizde 15,65 million barrel.
3. Russiýa, bir gije-gündizde 6,59 million barrel.
4. Hindistan, bir gije-gündizde 4,97 million barrel.
5. Koreýa Respublikasy, 3,34 million barrel.
Umuman alanyňda, Ýer ýüzi boýunça bir gije-gündizde 82,9 million barrel nebit gaýtadan işlenilýär. Bu möçberiň 60 göterimi ilkinji bäş orny eýeleýän döwlete degişlidir.
Koreý çeşmeleriniň ýazmagyna görä, ýurtda nebiti gaýtadan işlemäge bolan üns 1964-nji ýylda güýçlendirilip başlandy. Geçen ýyl bolsa koreý hünärmenleri yklymdaky iň esasy bäsdeşleriniň biri bolan ýaponlary yzda galdyrdylar. Ýurtda bir gije-gündizde 2,79 million barrel nebit önümleri harçlanylýar. Bu bolsa Koreýa Respublikasynyň dünýä bazarynda hem esasy orunlaryň birini eýeleýändigini görkezýär.