Ýagdaýyň hatarlydygyna seretmezden, meni goňşy ýurtdaky öz kärdeşime kömek bermek höwesi gurşap alypdy we onuň ähli sargytlaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge çalyşdym, sebäbi soralýan edebiýatlary ibermek bilen Sowet Soýuzynyň we Eýranyň özara gatnaşyklaryna hiç hili zyýan ýetirilmeýärdi. Netijede, Eýranda goýberlen türkmen edebiýatynyň nusgawy we häzirki zaman şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň eserleriniň neşirleri, olaryň döredijiligi barada Türkmenistanyň alymlary tarapyndan ýazylan ylmy oçerkler bilen üpjün edilip, kämil görnüşde çykyp başlady. Ol neşirler Türkmenistanda giň seslenme döretdiler we olaryň her biri barada respublikamyzyň merkezi metbugatda, aýratyn hem „Edebiýat we sungat” gazetiniň sanlarynda, uly möçberli makalalar ýazyldy. Öz nobatynda, M.Gazy neşir eden her bir kitabynyň bir nusgasyny şu setirleriň awtoryna iberip durdy. Olaryň sany 100-e golaýdyr. Gelip gowşan kitap-laryň ählisi Merkezi ylmy kitaphananyň Ylmy-amaly geňeşiniň 1987-nji ýylyň 22-nji maýynda kabul eden kararyna laýyklykda [10] döredilen meniň „Şahsy gaznamda” ýerleşdirildi. M.Gazydan gelip gowşan kitaplar Eýranda türkmen dilinde neşir edilen kitaplar barada goşmaça ygtybarly maglumatlar bolup hyzmat edýärler. „Magtymgulynyň eserlerini we türkmen edebiýatyny wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 6-njy maýynda kabul eden karararyna laýyklykda M.Gazy Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy [11].
Basym eýranly kärdeşlerimiz bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertler ýüze çykyp ugrady. Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasynda baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşygy laýyklykda 1995-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň alymlarynyň alty adamdan ybarat toparynyň (olaryň arasynda men hem bardym) türkmen halkynyň taryhyna we edebiýatyna degişli çeşmeleri toplamak maksady bilen Eýrana iki hepdelik sapary gurnaldy [3,4]. Aşgabadyň garşysyndaky Bajigiran gümrükhanasyndan geçip, Eýran topragyna aýak basan badymyza bizi juwan türkmen ýigidi Araz Muhammet Sarly mähirli we güler ýüz bilen garşylady we bu ýurtdan yzymyza dolanýançak biziň bilen bile boldy (ol barada biz aşakda durup geçeris). Sowet döwründe bütinleý ýapyk bolan bu ýurduň ähli zatlary biziň üçin geň-enaýy bolup görünýärdi.
Eýranyň ylmy we medeni edaralary bilen tanyşlygymyz Maşatdan başlandy. Ol Eýranyň iri medeni we dini merkeziniň biridir. Bu ýerde biz Muhammet Pygamberden we dört çaryýarlardan soň ýaşap geçen 12 ymamyň sekizinjisi Aly ibn Musa ibn Japar ibn Muhammet ibn Aly ibn al-Hüseýniň (626-680) guburyna zyýarat etdik (ol köplenç ymam Ryza, ýewropa we rus çeşmelerinde ymam Rida ady bilen bellidir). Soňra, bu ýadygärlik toplumynyň Astana Kudds Razawi atly meşhur kitaphanasyn-da saklanýan arap we pars dillerindäki kitaplaryň kataloglary bilen tanyş-dyk we olarda türkmen halkynyň taryhyna degişli köp sanly eserleriň saklanýandygyna göz ýetirdik. Bu kitaphananyň gapdalynda döredilen „Gurhanyň muzeýine” baryp görmek has hem gyzykly boldy. Onda Mu-hammet Pygamberiň ýaşan döwründen biziň günlerimize çenli mukaddes kitabyň dünýäniň dürli ýurtlarynda döwrüniň ezber hatdatlary tarapyndan nepislik bilen göçürilen ajaýyp golýazmalary toplanypdyr. Mälim bolşuna görä, şeýle muzeý beýleki musulman ýurtlarynyň hiç birinde ýokdur.
Astana Kudds Razawi kitaphanasy bilen tanyşan mahalymyzda, bir ýagdaý bizi geňirgendirmän hem durmady. Maşat şäheriniň Türkmenistana juda golaý ýerleşýändigine seretmezden, onuň ady tutulan kitaphanasynda Türkmenistanda ýa-da Eýranyň özünde neşir edilen türkmen dilindäki kitaplaryň ýekejesi hem ýok eken. Biz onuň işgärleri bilen gel-jekde öz aramyzda kitap alyş-çalyş işini yzygiderli ýola goýmak arkaly bu kemçiligi aradan aýyrmak barada şertleşdik. Şol döwürden bäri bu kitap-hana we bu şäheriň beýik şahyr Ferdöwsiniň adyny göterýän Uniwersi-tetiniň kitaphanasy bilen Türkmenistanyň YA-nyň kitaphanasy halkara kitap alyş-çalyş işini alyp barýar.
Tähranda Eýranyň Milli kitaphanasynda saklanýan kitaplaryň katalog-lary bilen ymykly işledik. Onda türkmen alymlary üçin juda gyzykly hem gymmatly kitaplaryň müňlerçesi bar eken. Kitaphananyň ýolbaşçysy, gör-nükli pars alymlary Seýit Abdylla Enwer we Habibulla Azymy pars we arap dillerinde ýazylan golýazmalara bagyşlanyp düzülen köp jiltli kata-logyny Türkmenistanyň YA-nyň kitaphanasyna sowgat berdiler [21,30, 31,32,33]. Olar bu kitaphananyň sorag-jogap we bibliografik neşirleriniň hazynasynyň üstüni ýetiren gymmatly çeşme bolup, häli bu güne çenli okyjylarymyz tarapyndan giňden ulanylyp gelinýär. Bu neşirleriň ählisini, şeýle hem kitapşynaslyk, kitaphanaşynaslyk we bibliografiýaşynaslyk iş-leri boýunça dowamly we döwürleýin neşirleriň birnäçesini kitaphananyň özi neşir edýän eken. Bu kitaphananyň, edil Ýewropa ýurtlarynyň şeýle kysymly edaralarynda bolşy ýaly, özüniň uly metbesi bar eken.
Tähranda bolan soňky günlerimiz biz dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň kitaphanalarynda we arhiwlerinde işledik we ol ýerlerde hem ýurdumyz üçin gymmatly neşirleriň üstünden bardykwe köp çeşmeleri Türkmenistana getirdik..
Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary we onuň gapdalyndaky alymlar topary bilen bolan jemleýji kabul edişlik mahaly, eýranly kärdeş-lerimizden „Pars dilinde neşir edilen kitaplarynyň bibliografiýasyny” (dü-zen H.Muşar) [46] we „Pars dilindäki makalalaryň görkezijisini” (düzen I.Afşar) [19] ele salmaga kömek bermeklerini haýyş eden mahalymyzda, olaryň biziň pars medeniýetinden baş çykaryşymyza geň galman hem durmadylar. Biziň haýyş edýän düýpli bibliografik görkezijilerimiz 1950-1951-nji ýyllarda goýberlen gymmatly neşirler bolup, olar Eýranyň özündede hem juda seýrek duş gelýän neşirler eken. Şonuň üçin, bize olaryň diňe birinjisini ele salmak başartdy.
Taryh ylymlarynyň doktory Almaz Ýazberdiýewiň “Türkmenistan bilen Eýranyň kitap alyş-çalyş işiniň taryhyndan” atly ylmy işden bir parça. Ylmy işiň dowamy bar. Ylmy işiň öňki parçalary saýtymyzda geçen günlerde ýerleşdirildi. Ylmy iş okalan wagtynda yzygiderligi gazanmak üçin, şol parçalaryň saýta ýerleşdirilen senesine görä okamak maslahat berilýär.