GENEL

Kölegede 50 gradus yssy

Türkmen tomsy biraz salkyn gelse-de, ol öz güýjüni käbir günorta döwletlerde görkezýär. «Habr Ajil» portalynyň ýazmagyna görä, iýunyň ilkinji günlerinde Saud Arabystanynda kölegedäki gyzgynlygyň derejesi 50 gradusdan geçdi. Portal bu habarda meteorolog Hasan Karaniniň aýdanlaryna salgylanýar.

“Günüň aşagynda howanyň gyzgynly 55 gradusa ýakynlaýar. Ýöne kölegede 5 gradusa çenli tapawut bar. Bu tomus eýýämden gyzgyn geljege çalymdaş” diýlip, portalda Hasan Karaniniň aýdan sözleri getirilýär.

Halk nakylynda aýdylyşy ýaly, diňe «gyşyň güni kyrk tüýsli» däl. Saud Arabystanyň günbatar we demirgazyk sebitlerinde aram-aram ýagyş hem ýagyp dur. Şeýle bolsa, bu ýerde arap döwletlerine mahsus tomus öz hökümini ýöredip başlady.

Related posts

Türkmenistan Devlet Başkanı: Kazakistan ile Türkmenistan Orta Asya’da stratejik ortaklar

Aşkabat’ta UNESCO İpek Yolu Konferansı başladı

vepa

Türkmenistan’da seçim: Adaylar vaatlerini açıklıyor

vepa