GENEL

Iň ýaş syýahatçy

Amerikaly Leksi Elfordyň ady 21 ýaşynda 196 döwlete syýahat eden iň ýaş syýahatçy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ozalky rekord şunça döwlete 24 ýaşyna çenli aýlanyp çykan Jeýms Askwite degişlidi.

Leksiniň aýtmagyna görä, onuň syýahatynyň iň kyn düşen bölümi Koreýa Halk Demokratik Respublikasydyr. Ol syýahatyny hut şu döwletde hem tamamlady.

“Bu döwletleriň ählisinde bolandygymy barada ynandyrmak hem ýeňil düşmedi. Men baryp gören her bir döwletim barada maglumatlary: uçar peteklerini, passportdaky möhürleri, myhmanhanalardan berlen güwähatlary ýygnamaly boldum” diýip, Leksi Elford goýan rekordy barada gürrüň berýär.

Related posts

Çin ile Orta Asya Dışişleri Bakanlarının ilk toplantısı

Bağımsızlık koşusu: 120 bin dolarlık ödüller dağıtıldı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da yeni Milli Güvenlik Bakanı göreve atandı