GENEL

Türkmenistana gelýän Ýaponiýanyň raýatlaryna wiza ýeňilligi

Syýahatçylyk ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 13-nji iýulynda çykaran 7367-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň konsullyk ýygymlaryny almagyň tertibi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, syýahatçylyk maksady bilen Türkmenistana gelýän Ýaponiýanyň raýatlary üçin 10 gije-gündize çenli möhlet bilen bir gezeklik syýahatçylyk wizalarynyň resmileşdirilmegi üçin ýeňillikli ýygymyň möçberi bellenildi.

Şeýle hem Ýaponiýanyň raýatlary görkezilen wizalar resmileşdirilende, konsullyk işleriniň gyssagly, işden daşary wagtda, dynç alyş we baýramçylyk günlerinde geçirilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan konsullyk ýygymlaryny we goşmaça konsullyk ýygymlaryny tölemekden boşadyldy.

Resminama bilen, Daşary işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanı telefonda görüştü

Türkmenistan Büyükelçisi, TOBB Başkanı ile bir araya geldi

Türkmenistan heyeti Bakü’de düzenlenecek 13. Dünya Şehirler Forumu’na katılacak

Türkmenistan, Ahalteke Atlarını Taşkent’teki Dünya Şampiyonası’nda tanıtacak

Türkmen Atları Windsor Kraliyet At Oyunları’na katılacak

Türkmen halkının Milli Lideri “Rusya – İslam Dünyası: KazanForum” forumuna katılacak