GENEL

«Ärtogrul: Dirilişiň» Osman Gazysy Burak Özçiwit bolar

Dünýäniň 65 döwletinde görkezilýän «Ärtogrul: Diriliş» köp bölümli çeper filmi öňümizdäki güýzde täze möwsüm, täze taryh bilen başlar. Aýdylyşyna görä, täze möwsümde Osman Gazy döwri başlanar. Şeýlelikde, geljekki baş gahrymanyň ― Osman Gazynyň keşbini meşhur türk aktýory Burak Özçiwit ýerine ýetirer.

Türk metbugaty aktýoryň eýýäm bu keşbi ýerine ýetirmäge taýýarlyk görüp başlandygyny ýazýar. Ol her hepdäniň 6 gününiň bäş sagadyny bu keşbe taýýarlanmaga bagyşlaýar. Atyň üstünde özüňi erkin alyp barmak, söweş tälimleri, şol sanda gylyçly söweşmek ýaly türgenleşikler aktýoryň taýýarlyk işleriniň esasyny düzýär. Taýýarlyk we surata düşüriliş döwri ýüze çykyp biläýjek şikeslenemeler üçin ýörite lukmanlar topary hem aktýor bilen bile işleýär.

Şol bir wagtyň özünde täze möwsüm üçin dekarasiýalar we gahrymanlaryň lybaslary hem taýýarlanyp başlandy. Filmiň döredijilik topary täze möwsüme täzeeçe röwüşde girişmegi maksat edinýärler

Related posts

Uluslararası Yatırım Forumu yapılıyor

Türkmen Lider, yeni projeler ile tanıştı

vepa

Orta Asya ülkeleri Sağlık Bakanlıkları, Duşanbe’de düzenlenen üst düzey toplantıda güçlerini birleştirdi