GENEL

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun ÇŽe In Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.

17-nji aprelde iki ýurduň Prezidentleriniň duşuşygy geçiriler. Onuň barşynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-de saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Koreýanyň ministrlikleriniň we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Havayolları, Abu Dabi Sefer Sayısını Artırıyor

Türkmenistan Rusya Devlet Başkanı’nın rezidansına yönelik saldırıyı kınadı

Semicenk: Türkmen sahnesinde sahne almak çok keyifli

Çin, Türkmenistan Vatandaşları İçin İndirimli Vize Ücretlerini Uzattı

İlaç sektörü: Türkmenistan, Türkiye ve Özbekistan ile iş birliğini genişletiyor

Türkmenistan’ın Galkynyş Sahasında Yeni Dönem: CNPC 4. Aşamaya Başlıyor