GENEL

Butanda ýer titremesini duýujy enjam

Gimalaý daglary Ýer ýüzünde ýer titremeleriniň iň kän bolup geçýän ýerleriň biri. Şonuň üçin dagy ýassanyp oturan Butanyň paýtagty Timpuda döwlet edaralaryndan başlap, futbol stadionyna, ýangyç guýujy beketlere we beýleki binalara çenli daşdan ýa-da doýgun toprakdan gurlan.
Şu günler Butan-ýapon halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) Butanda ýer titremelerine çydamlylyk barlagyny geçirýär. Barlag üçin ýörite binalar gurlup, olar emeli ýer titremelerde synagdan geçirilýär. Barlagdan soňra çat açan desgalary berkitmek isşleri gaýtadan geçirilýär. Munuň üçin ýer titremesine çydamly hasaplanylýan gurluöyk serişdeleri doly ulanylýar. Hatda agentlik tarapyndan gurluşykçylara ýörite okuw geçilip, geljekde bolup biljek heläkçilikli ýagdaýlaryň öňüni almak çäreleri geçirilýär.
Ýer titremesine çydamlylyk tehnologiýasy Ýaponiýanyň Milli toprak bilimleri we heläkçilikli ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça gözleg instituty tarapyndan döredildi. Tehnologiýa Ýaponiýanyň özünde eýýäm giňden peýdalanylýar. Ýurduň ýüzlerçe nokadynda ýer titremeleriniň we sunamileriň haçan boljakdygyny öňünden kesgitläp bilýän sensor enjamlar oturdyldy.  Olar diňe bir golaýlaşyp gelýän heläkçiligi habar bermän, eýsem, ýer titreme ýa-da sunami döwründe ýeriň deňagramlylygyny saklamaga hem-de heläkçiligiň öňüni almaga ýardam berýär.

 

Ýene-de okaň

BM’nin Avaza Forumu: bir dizi anlaşmalar imzalandı

BM’nin “Denize Kıyısı Olmayan Gelişmekte Olan Ülkeler” 3. toplantısı Türkmenistan’da başladı

Özbekistan Cumhurbaşkanı Türkmenistan’a geldi

BM Genel Sekreteri küresel konuları görüşmek üzere Türkmenistan’a geldi

Ata Watan Eserleri

Özbekistan Cumhurbaşkanı Şavkat Mirziyoyev Türkmenistan’ı ziyaret edecek

Esvatini Krallığı Kralı Türkmenistan’a geldi

Ata Watan Eserleri