GENEL

Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaýlar

Şu gün paýtagtymyzyň günorta künjegindäki Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda birbada üç sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden bagtyýar maşgalalar gatnaşdylar. Bu dabara köpçülikleýin medeni çärelere utgaşdy.

Mälim bolyş ýaly, Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumy şäheriň Ýunus Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow we «10 ýyl abadançylyk» köçeleriniň çäklerinde 30 gektardan gowrak meýdanda bina edilýär.

Şu gün ähli amatlyklary özünde jemleýän belent ýaşaýyş jaýlarynyň 216-synyň öýleriniň açarlary bagtyýar maşgalalar gowşuryldy. Jaýlaryň taslamalaşdyrylyşy, gurnama çözgütleri häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Onuň gurluşygynda, bezeg işlerinde häzirki zaman ýylylyk saklaýjy we beýleki amatly serişdeler peýdalandy.

Belent jaýlaryň biri bir, iki, üç we dört otagly 108 öýden ybaratdyr. Beýleki jaýlaryň her birinde üç we dört otagly öýleriň 54-si ýerleşýär. Şolaryň amatly ýaşaýyş meýdany, goşmaça kömekçi desgalary bar. Öýleriň aşhanasy, otaglary, eýwany amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär. Häzirki zaman bezegi esasynda enjamlaşdyrylan mebelleriň hemmesi ýerli önümlerdir. Durmuş tehnikalary bolsa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden gelen enjamlardyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmagy, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmegi giň möçberli gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmakda möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda senagat, medeni-durmuş, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalaryň gurulmagy, şäherlerde we obalarda häzirki zaman düzüminiň kemala getirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär.

Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylýar. Şol ýerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary döredilýär. Şeýle hem dürli güller ekilýär we gök zolaklar döredilýär. Yşyklandyryş ulgamy oýlanyşykly çözülýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde söwda dükanlarynyň bolmagy baş talapdyr.

Açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Ähli degişli düzümleriň döredilmegine ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmeleri üpjün edýän durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň aýdyň durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Dabara gatnaşyjylar durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Ýene-de okaň

Bakan Bayraktar İstanbul Energy Forum’da Türkmenistan Devlet Bakanı Maksat Babayev ile görüştü

Türkmenistan’da dünyanın en büyük sahasında yeni doğalgaz akımı alındı

Fitch Ratings Türkmenistan’ın kredi notunu arttırdı

Türkmen gençler Çin ve Macaristan’a üniversite eğitimine gönderilecek

Aşkabat Türk İhraç Ürünleri Fuarı’na hazırlanıyor

Özbekistan Türkmenistan’da iyot üretimine yatırım yapacak