DÜNYA

Türkmen Lideriniň kitabyna Türkiýede uly gyzyklanma

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby okyjylar jegyýetçiliginde giň seslenme döretdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistandaky gymmatlyklary we türkmen döwletiniň Ýüpek ýolunyň ugrundaky geosyýasy ähmiýetini okyjylar köpçüligine ýetiren bu kitap 2017-nji ýylda çap çykypdy. 6 bölümden ybarat bolan bu kitapda Türkmenistandkay Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy hem-de medeni merkezler bilen bir hatarda gadymy kerwen ýolunyň geçiş ugry babatda giňişleýin amglumat almaga mümkinçilik döredilipdir. Bu gymmatly eser Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOY) tarapyndan türk diline terjime edilip, Türkiýede okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Türkiýäniň “ANKASAM” seljeriş merkeziniň maslahatçysy Kadir Ertaç Çelik tarapyndan bu kitap babatda seljeriş işi taýýarlandy. Ol hem Türkiýäniň “Bölgesel Araştırmalar” Žurnalynda çap edildi. Türk ylmy işgäri hormatly Prezidentimiziň kitaby barada taýýarlan ylmy işinda türki halklaryň arasynda şeýle gymmat eserleriň okyjylara ýetirilmeginiň türk dünýäsiniň medeni arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigini belläpdir.

Ol öz işinda kitabyň sahabyndaky Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy we medeni ýadygärlikleri görkezýän kartanyň ýerleşdirilmeginiň özboluşlydygyny, munuň okyjylarda kitaby okan wagty kartadan peýdalanyp, eserdäki peýdalanylan maglumatlary aňsatlyk bilen özleşdirmegine şert döredýändigini belläpdir.

Çelik kitabyň ýediden-ýetmiş ýaşa çenli okyjylar köpçüliginiň düşünip biljek derejesinde ýazylandygyny, Türkmenistanyň geçmişi, şu güni hem-de geljegi barada gymmatly maglumatlary berýändigini, akgynly okamak üçin örän gyzykly eserdigini mälim edipdir. Köneürgenç, Amul, Merw, Änew, Nusaý ýaly Ýüpek ýolunyň kartasynda ýerleşýän gadymy şäherler barada gyzykly maglumatlaryň ýerleşdirilendigini, taryhy we arheologik maglumatlaryň jemlenmegi okyjylar üçin örän uly gyzyklanma döredýändigini alym öz ylmy işinde belläp geçipdir.

Şeýle hem bu eserde türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli gymmatlyklary bolan alabaý itiniň hem-de behişdi ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň dünýäde uly abraýdan peýdalanmagyna goşant goşandygy, bu gymmatly eser bilen Türkmen Lideriniň taryhy Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek babatda uly tagallalar edýändigini görkezendigi bellenilipdir.

Türkiýäniň abraýly seljeriş merkeziniň maslahatçysy bu eseriň Türkmenistanyň Ýüpek ýoly syýasatynyň dabaralanmagyna goşant goşandygyny belläp, eserde peýdalanylan gymmatly çeşmeleriň hem okyjylara aýratynlykda ýetirilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny mälim edipdir.

Ýene-de okaň

ALSA Tarafından Başarıyla Düzenlenen Etkinlik: LL.M. Kariyerleri ve J.D. Geçiş Paneli Büyük İlgi Gördü

Ata Watan Eserleri

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak