GENEL

«Bereşit» ― Aýa indiki ýolagçy

Ysraýyl tarapyndan Aýa uçuryljak älem-gözleg enjamy, ine, şeýle atlandyrylýar. Birki günlükde onuň taýýarlygy doly tamamlandy. «Bereşitiň» üstümizdäki hepde-de Aýa uçurylmagyna garaşylýar. «Space X» kompaniýasynyň «Falcon 9» gämisi bilen älem giňişligine çykaryljak «Bereşit» 11-nji martda Aýyň üstüne gonar.

Ýardamçy kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň berýän beýanatyna görä, Ysraýyl älem-gözleg enjamynyň Aýa «syýahaty» baradaky ilkinji işlere geçen ýylyň iýul aýynda başlandy. Aýdylyşyna görä, Aýa çenli barýan ýoluň ugrunda ol 6 ýerde saklanar.

Taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen Ysraýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýadan we Hytaýdan soňra Aýda ylmy gözlegleri alyp barjak dördünji döwlet bolar. Gonuşdan soňky ilkinji minutlarda Aýda Ysraýylyň baýdagy dikilip, soňra gözleg-ylmy işlerine girişiler.

Göwrümi kir ýuwujy enjamdan uly bolmadyk «Bereşitiň» 600 kilogramlyk agramy haýran galdyrýar. Ýardamçy kompaniýanyň wekilleriniň pikirine görä, bu taslama ysraýylly ýaşlaryň geljekde ylmy gözleglere höweslenmegine itergi berer. Taslama Ysraýyl hökümetine 100 million dollara düşdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan’da Türk mutfağı tanıtıldı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da, Uluslararası Dünya Müziği Festivali düzenlendi

Türk Dünyası Macaristan’da buluştu

Türkiye’ye gaz takası: İran-Türkmenistan bağlarının güçlü sembolü

Türkmenistan’ın katılımıyla Afganistan’daki kuru liman geliştirilecek

Tahran ile Aşkabat karşılıklı ticaret hacmini 5 kat artırmayı planlıyor