GENEL

Sport media-forumy geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda «Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny»  atly media-forum geçirildi. Oňa ýurdumyzdaky metbugat wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň Žurnalistika hünärlerinde bilim alýan talyplar, ilçihanalaryň wekilleri gatnaşdy. Şol sanda, daşary ýurt neşiri bolan «Atawatan Türkmenistan»  halkara Žurnalynyň wekilleri hem bu forumda boldular. Maslahatda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary P.Agaýew, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň prorektory G.Sähedow, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň başlygy A.Akmämmedow, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktory N.Matnepesow, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň  direktory J.Jumaýew, Milli Olimpiýa Komitetiniň wekili, Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň başlygy W.Zasepi, Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Ç.Mämmedow, Türkmenistanyň Boks federasiýasynyňn baş kätibi D.Annaýew, Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň başlygy D.Hangeldiýew, Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasynyň başlygy G.Atanyýazow, Türkmenistanyň Sport göreş federasiýasynyň baş kätibi B.Orazmämmedow dagylar çykyş etdiler.   Bu media-forumyň gysgaça mazmuny – sport ulgamyna gönükdirilip, bu ulgamyň ösüşde tutýan ornuny kesgitlemek barada bolup durýar.       

Ýene-de okaň

Uganda, Türkmenistanlı turistleri ağırlamaya hazır

Türkmenistanlı tasarımcılar AB pazarına açılma fırsatlarını inceliyor

BM, Orta Asya’yı dünyanın en umut verici turizm bölgelerinden biri olarak nitelendirdi

Aşkabat’taki Türk Kültür Merkezi’nde Türkiye Turizm Haftası açıldı

Türkmenistan Turkmentravel 2026 Fuarı’na ev sahipliği yaptı

Nadir Alparslan: Türkiye ve Türkmenistan İpek Yolu’nu yeniden canlandırıyor