GENEL

2018-nji ýylda «Toyotanyň» iň köp satylan kysymy…

Biziň ýurdumyzda-da köpçülikleýin ulanylýan «Toyota» awtoulaglarynyň 2018-nji ýylda haýsy kysymy has köp satyldyka? «Kemrimi», «Awolonmy», «Karollamy», «Haýlýuksmy» ýa-da düýbünden başga kysym? Tygşytlylygyň ýaşaýyşymyza ýyldyrym tizligi bilen aralaşýan döwründe iň köp satylan «Toyota» bularyň birisi hem däl. Ol ― C-HR. Ýagny ýarym elektrik, ýarym benzin bilen işleýän kinnwanja «Toyota». Biler bolsaňyz, 2018-nji ýylda C-HR-laryň 202 müň 289 sanysy satyldy. «Toyotanyň» bu kysymy Ýaponiýada we Türkiýede öndürilýär.

Aslynda, kinniwanja «Toyotalaryň» 39 görnüşi bar. Geçen ýylyň netijeleri boýunça, C-HR ähli görnüşleriň çür başyna geçdi. Ilkinji nusgalary 2016-njy ýylda öndürilen C-HR-laryň iň köp satylýan yklymy bolsa Ýewropa. Has takygy, geçen ýyl 141 müň 54 ýewropaly C-HR-ly boldy. Umumylykda bolsa kinniwanja «Toyotalaryň» (olaryň 39 görnüşiniň bardygyny aýdypdyk!) 13 milliony satyldy. Şolaryň 2 million 160 müňden gowragy Ýewropa döwletlerinde.

Ýene-de okaň

Raşid Meredov Bahtiyor Saidov ile bir araya geldi

Türkmenistan ile Ukrayna Dışişleri Bakanları görüşmesi

Türkmenistan ile Azerbaycan Dışişleri Bakanları Antalya’da görüştü

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Genel Sekreter Adem Kula ile görüştü

Türkmenistan’da “Galkınış” Gaz Devlet İşletmesi kuruluyor

Türkmenistan ile Türkiye Dışişleri Bakanları Antalya’da Buluştu