Türkmenistanda täze özgertmeler döwrüne gadam basyldy. Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy tassyklandy. Bu Maksatnamanyň taýýarlanylmagy hökümetiň mejlislerinde yzygiderli ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçirmegiň wezipeleri, ösüşiň ugurlary hem-de depginli ösüşiň ulgamlaryny kesgitlemek nazara alnyp, onuň esasy ugurlarynyň üstünde giňişleýin işlenildi.
TÄZE MAKSATNAMANYÑ AÝRATYNLYKLARY
– Bellenen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2019-njy ýylda 6,3 göterime, 2025-nji ýylda bolsa 8,2 göterime ýetirilmegi göz öňünde tutuldy.
– Şol döwre çenli jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň tutýan paýy 33,8 göterime, oba hojalyk pudagynyňky 8,9 göterime, gurluşyk pudagynyňky 11,5 göterime we hyzmatlar ulgamynyňky 45,8 göterime deň bolar.
– Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçiligiň depginli ösüşi täze ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berer.
– 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň maýa goýumlaryna esasy serişdeler 229,3 milliard manat möçberinde meýilleşdirildi.
– Şonuň 91,3 göterimi ýa-da 209,2 milliard manady önümçilik ulgamyna gönükdiriler, bu bolsa täze kärhanalaryň hem-de iş orunlarynyň döredilmegini höweslendirer.
– Geljekde bölek haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokary depginde ösdürilmegine garaşylýar, bu, bilermenleriň hasaplamalaryna görä, 2025-nji ýylda 81 milliard manada barabar bolar, şunda 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 29,1 göterime (62,7 milliard manada) deň bolar. Bölek haryt dolanyşygynda döwlete dahylsyz bölegiň paýy 91 göterime ýetiriler.
– Täze Prezident maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylda ýurdumyzda ilatyň köp sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň mukdary pul görnüşinde 16,1 milliard manada barabar bolar hem-de 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 22,2 göterim (13,2 milliard manat) artdyrylar.
– Maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe daşary söwdanyň umumy möçberi 135,2 milliard amerikan dollaryna, şol sanda onuň eksport ugry 84,1 milliard amerikan dollaryna, importy 51,1 milliard amerikan dollaryna deň bolar.
– 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzyň sebitlerinde 13 hassahana, 20 saglyk öýi, 163 mekdebe çenli çagalar edaralary, 201 umumy bilim berýän orta mekdep, 16 medeniýet öýi, 11 suw arassalaýjy desga, 13 lagym arassalaýyş desga, şeýle hem umumy meýdany 1896,4 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şeýle hem 17 hassahanany, 22 saglyk öýüni, 2 çagalar bagyny hem-de bir medeniýet öýüni döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
– Ýokarda görkezilen maksatlar üçin esasy maýa goýumyna 9976,7 million manat maliýe serişdesi, (şol sanda Ahal welaýaty boýunça 1944,3 million manat, Balkan welaýaty boýunça 1244,1 million manat, Daşoguz welaýaty boýunça 2907,3 million manat, Lebap welaýaty boýunça 1851,3 million manat we Mary welaýaty boýunça 2029,7 million manat) möçberinde maliýe serişdelerini goýbermek göz öňünde tutuldy.
– Ykdysadyýetiň pudaklary boýunça durmuş maksatly we önümçilik desgalarynyň ýedi ýylyň dowamynda gurulmagy hem-de esasy önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň sanawy düzüldi. Bu pudakda döwlete dahylsyz bölege degişli, şol sanda oba hojalyk we senagat maksatly 134 desga göz öňünde tutulandyr.